Rus­si­ýa­nyň ban­ky ýi­tip ýok bo­lup bar­ýan uzak gün­do­gar alajabarsy, çüňki gy­zyl ibis we do­ky ba­ly­gy şe­kil­len­di­ri­len “Gy­zyl ki­tap” se­ri­ýa­syn­dan 2 rubl­lyk kü­müş­den ýa­dy­gär­lik şa­ýy­lyk­la­ry do­la­ny­şy­ga goý­ber­di. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri beýan edýärler. Şa­ýy­ly­gyň dia­met­ri 33 mil­li­met­re deň.
Şa­ýy pul­la­ryň ar­ka ta­ra­pyn­da jan­dar­la­ryň gü­ber­çek şe­kil­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Her şa­ýy pu­ldan 5 müň sa­nysy çykaryldy. Bu şa­ýy pul­lar Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de nagt tö­leg­le­riň ka­nu­ny se­riş­de­le­ri bo­lup, hiç bir çäk­len­dir­me­siz ýag­daý­da tö­leg­le­riň äh­li gör­nü­şin­de ka­bul edil­me­gi hök­ma­ny­dyr diý­lip, Mer­ke­zi bank­yň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Uzak gün­do­gar ala­ja­bar­sy Rus­si­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň we De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň çäk­le­rin­de ýa­şa­ýar. Çüň­ki gy­zyl ibis Rus­si­ýa­da soň­ky sa­par 1990-njy ýyl­lar­da Uzak Gün­do­gar­da gö­rlüp­dir. Bek­re­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li süý­ji suw ba­ly­gy do­ky Ha­zar, Azow we Ga­ra deň­zin­de ýa­şa­ýar.