Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň dört sany täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygyna tender yglan etdi. Bu barada “Qatar Petroleum” kompaniýasynyň beýanatynda mälim edilýär. Kompaniýa şunuň bilen baglanyşykly birnäçe bilelikdäki kompaniýalaryň salgysyna çagyryş ugratdy.
Bu taslama “Qatar Petroleum” meýilnamasynyň bir bölegi bolup, ýurtda suwuklandyrylan gazyň önümçilik kuwwatyny häzirki 77 milliondan 2024-nji ýyla çenli 110 million tonna artdyrar diýlip, beýanatda mälim edilýär.
Geçen ýyl Kataryň hökümeti 2024-nji ýyla çenli dört sany täze önümçilik desgalaryny işe girizmäge taýýarlyk görýändigini mälim edipdi. Şu ýylyň mart aýynda täze kuwwatlyklaryň taslama işlerini (FEED) taýýarlamak Ýaponiýanyň “Chiyoda Corporation” kompaniýasyna ynanyldy.
Demirgazyk ýatagynyň günorta böleginden önümçilik kuwwatlyklaryna her günde tebigy gazyň ägirt uly mukdary akdyrylar diýip, “Qatar Petroleum” habar beripdi. Şeýle hem bu desgada her günde takmynan, 3 müň tonna metan hem-de 185 müň barrel kondensat öndüriler. Taslamany berjaý etmäge jogapkär hökmünde “Qatar Petroleum”-yň golçur kompaniýasy “Qatargas” bellenildi.