Ispaniýada 28-nji aprelde wagtyndan öň geçirilen Parlament saýlawlarynda sesleriň 99%-i sanalandan soň, Pedro Sançesiň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy Sosialistik işçi partiýasy ynamly ýeňiş gazandy. Oňa saýlawçylaryň 28,7%-i ses berdiler. Bu ýeňiş Sosialistik işçi partiýasyna Parlamentiň 350 orunlyk wekiller Kongresinden 123 orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Olaryň esasy bäsdeşi Pablo Kasadonyň ýolbaşçylygyndaky Halk partiýasy sesleriň 16,68%-ini alyp, parlamentden 66 orna eýe boldy. Albert Riweranyň başlyklygyndaky “Raýat” partiýasy 15,84% (57 orun) ses bilen üçünji orny, Pablo Iglesiasyň “Unidas Podemas” partiýasy 11,95% (35 orun) ses bilen dördünji orny eýeledi. Santýago Abaskalyň sagçy “VOX” partiýasy 10,26% (24 orun) ses bilen bäşinji orny eýeledi. Galan 45 orun bolsa, sebitleriň 9 milli partiýasynyň arasynda paýlaşyldy.
Sosialistleriň wekiller Kongresinden 123 orun alandygyna garamazdan, hökümeti düzmäge 176 orun zerur. Şeýlelikde, özbaşdak hökümet düzmäge partiýalaryň hiç birisi ýeterlik ses alyp bilmedi. Bu ýagdaý bolsa, bileleşik düzmäge ýol açýar. Şeýle hem, Sosialistler ikinji ýa-da üçünji orny alan partiýalar bilen bileleşik düzmeli bolar diýip, bilermenler aýdýarlar. Saýlawlara gatnaşyk 75,7% bolup, saýlawlara gatnaşmaga 36,89 million hukugy bolan raýatdan 26 milliondan gowragy ses berdi. Ispaniýada Premýer-ministr Pedro Sançesiň hökümetiniň teklip eden býujetini parlamentiň makullamakdan boýun gaçyrmagyndan soň, wagtyndan öň saýlawlar mälim edildi.
Ispanlar Kongresiň 350 wekilini (parlamentiň aşaky palatasy), şeýle hem 260 senatordan 208-sini (ýokarky palata) saýladylar. Kanun çykaryjy edaradaky bu orunlara degişlilikde, 4016 we 1318 adam dalaşgärlik etdi. Saýlawlary geçirmek üçin býujetden 139 million ýewro harçlandy.
Pedro Sançes 1972-nji ýylyň 29-njy fewralynda Madridde dogulýar. Ol Ramiro de Maeztuda adyndaky Madrid döwlet institutynda okap bilim alýar. Soňra Madridiň Komplutense uniwersitetiniň ykdysadyýet we biznes bölümine okuwa girip, ony 1995-nji ýylda tamamlaýar. Soňra ol okuwyny dowam etdirip, Brýusseliň erkinlik uniwersitetinde (1997–1998) magistr derejesini alýar. Soňra ol Ortegi-i-Gasseta adyndaky (2001–2002) institutda, IESE biznes mekdebinde (2004–2005) we Kamilo Hose Sela adyndaky uniwersitetde okap, 2012-nji ýylda doktorlyk derejesine eýe bolýar. Ol soňky uniwersitetde 2008-nji ýyla çenli ykdysady ylymlar boýunça mugallym bolup işleýär. 1993-nji ýylda syýasy işe başlan Sançes birnäçe wezipelerde işländen soň, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyndan ispan hökümetiniň täze ýolbaşçysy bolýar. Ispan ykdysatçysy, syýasatçysy, Sosialistik işçi partiýasynyň başlygy Pedro Sançes ýurduň taryhynda halkyň sesi bolmazdan, dalaşgärligi tassyklanan ilkinji Premýer-ministrdir. Sançes fransuz we iňlis dillerini suwara bilýär, basketbol oýnamagy halaýar. Maşgalaly, iki gyzy bar.