War­şa­wa­da 1-nji maý­da Gün­do­gar we mer­ke­zi Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gir­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan sam­mit ge­çi­ril­di. Bu fo­rum Pol­şa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ma­te­uş Mo­ra­wes­ki­niň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ral­dy. Sam­mi­te Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne 2004-nji ýyl­da gi­ren 10 ýur­duň li­der­le­ri, şol san­da, Ru­my­ni­ýa­nyň, Bol­ga­ri­ýa­nyň we Hor­wa­ti­ýa­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Du­şu­şyk War­şa­wa­nyň taryhy böle­gin­dä­ki ko­rol köş­gün­de ge­çi­ril­di. Ça­gy­ry­lan­la­ryň ara­syn­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ýur­ki Ka­taý­nen hem bar. Iş mas­la­ha­tyn­dan soň­ra, döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry žur­na­list­le­riň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­di­ler.
– Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za bol­mak köp ba­bat­da bi­ziň dur­mu­şy­my­zy öz­gert­di, kä­bir jo­gap­kär­çi­lik­le­re ga­ra­maz­dan, şüb­he­siz uly peý­da ge­tir­di – di­ýip, Pol­şa­nyň Pre­zi­den­ti An­jeý Du­da aýt­dy. Ara­çäk­le­riň açyl­ma­gy pol­ýak­la­ra tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. Köp san­ly pol­ýak kom­pa­ni­ýa­la­ry Ýew­ro­pa­da uly üs­tün­lik ga­zan­dy­lar, Pol­şa hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gaz­na­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len bü­tin­leý öz­ge­rip, täze ösüşler ga­zan­dy.
Pol­şa 2004-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da beý­le­ki 9 ýurt bi­len bir­lik­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne go­şu­lyp, ola­ryň ara­syn­da Weng­ri­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Slo­we­ni­ýa, Es­to­ni­ýa, Lat­wi­ýa ýa­ly ýurt­lar bar. 2007-nji ýyl­da Ru­my­ni­ýa we Bol­ga­ri­ýa, 2013-nji ýyl­da bol­sa, Hor­wa­ti­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry bol­dy.
Sam­mi­tiň gat­na­şy­jy­la­ry du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da top­lan tej­ri­be­le­ri­ni öza­ra paý­la­şan­dyk­la­ry­ny we ösü­şiň deň yk­dy­sa­dy de­re­je­sin­de ýer­le­şip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de deň de­re­je­li bäh­bit­le­ri­niň we onuň ge­l­je­gi ba­ra­da meň­zeş ga­ra­ýyş­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.