28-nji aprelde Hytaýyň paýtagty Pekinde Halkara bagbançylyk sergisi EXPO – 2019 öz işine başlady. Sergi “Gök ösümlikler bilen oňat ýaşa” atly şygar astynda 7-nji oktýabra çenli dowam eder. Bu barada çäräniň guramaçylaryna salgylanyp, habar beriş serişdeleri habar berýärler. Serginiň guramaçylyk komitetiniň maglumatlaryna görä, serginiň ekspozisiýasy 960 gektar meýdany eýeleýär.
Bu çärä 86 ýurt we 24 halkara guramasy gatnaşyp, bagçylyk we seýilgäh ugrundan öz bilimlerini, däplerini, innowasion tehnologiýalaryny hödürleýärler. Serginiň çäklerinde 220 müňden gowrak gyrymsy agaçlar we köp sanly güller ösýär.
Sergi guramak boýunça halkara edarasynyň baş sekretary Winsente Lossertalesiň bellemegine görä, bu sergi sebitiň infrastrukturasynyň sosial-ykdysady ösüşine we kämilleşmegine ýardam berip, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly adamzadyň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrar. Bu ýerdäki 100 sany sergi meýdançasynda dünýä bagbançylygynyň iň gowy nusgalary görkezilýär. Serginiň çäklerinde maslahatlar, halkara bäsleşikleri geçiriler. Sergä gatnaşýan ýurtlar bu ýere gelýänleri milli bagbançylyk aýratynlyklary bilen tanyşdyrarlar.