Hytaýyň başlangyjy bilen döredilen Aziýa infrastruktura maýa goýum banky Kot-d’Iwuar, Gwineýa, Tunis we Urugwaý ýaly ýurtlary banka agza döwletler hökmünde kabul etdi, şeýlelikde, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň umumy sany 97-ä ýetdi.
– Afrika we Latyn Amerika ýaly ýurtlardan agzalaryň artmagy bu ýurtlaryň infrastrukturasynyň kämilleşmegine we Aziýa bilen gatnaşyklarynyň berkemegine ähmiýet berýändigini görkezýär – diýip, Aziýa infrastruktura maýa goýum bankynyň wise-prezidenti we korporasiýa sekretary Denniý Aleksandr mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyna gatnaşyjy ýurtlaryň köp taraplaýyn hyzmatdaşlyga we müdirligiň ýokary ülňülerine wepalydygyny görkezýär.
Bu dört ýurt içerki degişli işlerini berjaý edip, gurama ilkinji gatançlaryny geçiren batlaryna, Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyna resmi taýdan agza bolarlar. 2018-nji ýylyň ahyrynda Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyna agza ýurtlaryň sany 57-den 93-e çenli artyp, agzalygyň gerimi bäş yklymy öz içine alýar.
HHR-iň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu bank köp taraplaýyn ösüşi bilen tapawutlanýar. Bank ilkibaşda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maliýe we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Aziýada iri infrastruktura taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen döredildi. Ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýän bu gurama 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2016-njy ýylda resmi taýdan işläp başlady. Dünýäniň dürli ýurtlaryna karz berýän bu bankyň gorunda häzirki wagtda 100 milliard dollardan gowrak sermaýa bar.