Ýy­lyň iň aja­ýyp pa­syl­la­ry­nyň bi­ri-de ýaz aý­la­ry­dyr. Bu pa­syl köp adam­lar üçin tä­ze umyt­la­ryň, öz­ge­riş­lik­le­riň döw­rüdir. Ýaz­da te­bi­gat jan­la­nyp, dur­muş aja­ýyp gö­rnüşe eýe bolýar. Em­ma pasyl çalşygy köp­le­re oňaý­ly tä­sir edip hem dur­ma­ýar. Ýaz aý­la­ry al­ler­gi­ýa­dan ejir çek­ýän­le­re ýe­ňil düş­me­ýär. Toz­ga­lar ze­rar­ly dö­re­ýän al­ler­gi­ýa da­ragt­lar gül açyp, ýy­ly gün­ler baş­lan­da ýü­ze çyk­ýar. Bag­lar­dan we ösüm­lik­ler­den dö­kül­ýän toz­ga­lar bir­nä­çe ki­lo­met­re çen­li tozap gid­ýär­ler we ony ýi­ti duý­ýan­lar al­ler­gi­ýa nä­hoş­lu­gy­na uç­ra­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, gül­le­ýän agaç­lar­dan we ösüm­lik­ler­den dö­kül­ýän ow­nuk toz­ga­lar kä­bir adam­la­ryň as­gyr­ma­gy­na we gö­züniň ýaşarmagyna se­bäp bol­ýar.
ABŞ-nyň Gar­ward luk­man­çy­lyk mek­de­bi­niň hü­när­men­le­ri öz bar­lag­la­ryn­da be­de­niň go­rag ul­ga­my­na jo­gap ber­ýän D wi­ta­mi­ni­niň de­re­je­si pes bo­lan adam­la­ryň dür­li al­ler­gi­ýa­la­ra du­çar bol­ýan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dylar. Al­ler­gi­ýa­dan ejir çek­ýän­leriň ýaz aý­la­ryn­da D wi­ta­mi­ne baý bo­lan gök önüm­le­ri, ba­lyk, ýu­murt­ga, mes­ge, süýt-ga­tyk önüm­le­ri­ni köp­räk iý­mä­ge ýyk­gyn et­me­li­di­gi­ni luk­man­çy­lyk mek­de­bi­niň hü­när­men­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Şeý­le hem olar D wi­ta­mi­ni­niň Gün şöh­le­si­niň tä­si­ri bi­len be­den­de sin­tez­len­ýän­di­gi üçin, az wagt­lyk hem bol­sa, gü­neş­de ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Al­ler­gi­ýa­ny be­jer­mek üçin köp­lenç an­ti­gis­ta­min se­riş­de­ler ula­nyl­ýar – olar dü­mew, as­gyr­ma, bur­nuň dykylmagy ýa­ly ala­mat­la­ry ara­dan aýyr­ýar. Duz­ly er­gin bi­len gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 3-4 ge­zek bur­nu­ňy ýu­wup aras­sa­la­mak al­ler­gi­ýa­ garşy gö­reş­de has ýö­ne­keý we howp­suz usul ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem içe­ri­ni ýy­gy-ýy­gy­dan ho­wa­lan­dy­ryp dur­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Bag­la­ryň gül­le­ýän döw­rün­de gu­ry we şe­mal­ly ho­wa­da ýö­re­mek­den sak­lan­mak al­ler­gi­ýa­nyň öňü­ni alyş çä­re­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýa­g­şyň toz­ga­la­ry ýa­tyr­ýan­dy­gy üçin çyg­ly ho­wa al­ler­gi­ýa­ly­la­ra on­çak­ly ze­per ýe­tir­me­ýär. Bu­lar­dan baş­ga­-da, aw­tou­lag­la­ry­ňy­zyň aý­na­sy­ny ýa­pyp sür­mek, toz­ga­la­ryň eşik­le­re hem si­ňip bil­ýän­di­gi üçin, öýe gir­mez­den ozal üst­ki eşi­gi­ňi kak­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Müm­kin bol­sa, ýy­gy-ýy­gy­dan ýuw­nup dur­ma­ly. Bur­nu­ňy we ag­zy­ňy çaý­kama­ly. Al­ko­gol­ly iç­gi­le­riň al­ler­gi­ýa­ny has-da güýç­len­di­rip bil­ýän­di­gi üçin on­dan ga­ça du­rmaly.

Nu­ry Ju­ma­ýew,
Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na­sy­nyň en­dos­ko­pi­ýa bö­lü­mi­niň mü­di­ri.