Ne­mes kon­ser­wa­tor­la­ry Ýew­ro­pa par­la­men­ti­niň no­bat­da­ky saý­law­la­ry­na çyn­la­kaý taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýuns­ter şä­he­rin­de Hris­ti­an-De­mok­ra­tik Bi­le­le­şi­gi hem-de Hris­ti­an-So­si­al Bi­le­le­şi­gi bu saý­law­la­ra bi­le­le­şen to­par bo­lup gat­naş­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler.
HSB-den Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň we­ki­li Manf­red We­ber Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni eýe­lär diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Ol Mýuns­ter şä­he­rin­de eden çy­ky­şyn­da Ýew­ro­pa­nyň ga­za­nan­la­ry­ny go­ra­mak üçin ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyr­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Manf­red We­ber Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­de iri frak­si­ýa – Ýew­ro­pa­nyň halk par­ti­ýa­sy­na ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar 23-26-njy maý ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­da ge­çi­ri­ler. Saý­law­lar­da 512 mil­li­on­dan gow­rak ýew­ro­pa­la we­kil­çi­lik et­jek 751 we­kil saý­la­nar. Saý­law­la­ra mil­li par­ti­ýa­lar, Ýew­ro­pa par­ti­ýa­la­ry­nyň ag­za­la­ry, ga­raş­syz da­laş­gär­ler gat­na­şar­lar. Bu sy­ýa­sy çä­re her 5 ýyl­dan ge­çi­ril­ýär. Mun­dan ozal­ky saý­law­lar 2014-nji ýy­lyň 22-25-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­lip­di.