Ýur­duň saý­law ka­zy­ýe­ti­niň soň­ky mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ses­le­riň 94 gö­te­ri­mi sa­na­lan­dan soň­ra, Kor­ti­so ses­le­riň 33,01%-ine, onuň bäs­de­şi “De­mok­ra­tik öz­ge­riş” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Ro­mu­la Ru ses­le­riň 31,08%-ine eýe bol­dy. Ga­raş­syz da­laş­gär Ri­kar­do Lom­ba­no ses­le­riň 19,47%-i bi­len üçün­ji orun­da bar­ýar. – Men ho­şal, çün­ki biz ýe­ňiş ga­zan­dyk. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň et­me­li esa­sy işi­mi­ziň bi­ri hem güýç­le­ri­mi­zi bir­leş­dir­me­li – di­ýip, Kor­ti­so “Te­le­met­ro” te­le­ýaý­ly­myn­da bel­le­di.
Pa­na­ma­nyň saý­law ka­zy­ýe­ti­niň baş­ly­gy Eri­ber­to Araus hä­zir­lik­çe ne­ti­je­le­riň gu­tar­nyk­ly däl­di­gi­ni, ýö­ne öň­de bar­ýan iki da­laş­gä­riň ara­syn­da­ky boş­lu­gyň 1,93% ýa-da 35,5 müň adam tö­we­re­gi­di­gi­ni aýt­dy.
Pa­na­ma­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry bir tap­gyr­da ge­çi­ri­lip, ses­le­riň kö­pü­si­ne eýe bo­lan da­laş­gär ýe­ňiş ga­zan­ýar. Bu saý­law­la­ra ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan ra­ýat­la­ryň 73%-i gat­naş­dy. Ýan­war aýyn­da 66 ýa­şy ar­ka atan Kor­ti­so mun­dan ozal Pa­na­ma­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nist­ri we­zi­pe­si­nde iş­läp­di, şeý­le hem ýur­duň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy bo­lup­dy.
Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da Ka­rib we Ýu­waş um­ma­ny­nyň ara­syn­da­ky gu­ry ýer­de ýer­leş­ýän Pa­na­ma Res­pub­li­ka­sy de­mir­ga­zyk­da Kos­ta-Ri­ka, gü­nor­ta­da Ko­lum­bi­ýa bi­len ara­çäk­leş­ýär. Res­mi di­li is­pan­ça bo­lan bu ýur­duň 4 mil­li­on 99 müň tö­we­re­gi ila­ty bar.
Pa­na­ma de­mok­ra­tik Res­pub­li­ka bo­lup, döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­sy Pre­zi­dent­dir. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry Pre­zi­dent ta­ra­pyn­dan bel­len­ýär, Pre­zi­dent we wi­se-pre­zi­dent äh­lu­mu­my ses ber­li­şik ar­ka­ly her 5 ýyl­dan saý­lan­ýar. Mil­li As­samb­le­ýa­sy bir pa­la­ta­ly ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra bo­lup, 71 we­ki­li bar we olar 5 ýyl­lyk möh­let bi­len halk ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar.