6-njy maý­da bri­tan ger­so­gy Gar­ri­niň hem-de onuň aýa­ly Me­gan Mark­lyň og­ly dün­ýä in­di. Bu Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta­nyň ýe­din­ji çow­lu­gy­dyr. Tä­ze dog­lan bä­bek ge­çen ýy­lyň ma­ýyn­da ni­ka­la­şan şa­za­da Gar­ri­niň we Me­gan Mark­lyň il­kin­ji per­zen­di­dir.

Do­lan­dy­ry­jy “Ma­ke­do­ni­ýa­nyň so­si­al-de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi­niň” da­laş­gä­ri Ste­wo Pen­da­rows­ki De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Pen­da­rows­ki ses­le­riň 52%-ne, onuň bäs­de­şi Gor­da­na Sil­ýa­nows­ki-Daw­ko­wa ses­le­riň 45%-ne eýe bol­dy. Ýurt­da Pre­zi­dent sim­wo­lik hä­si­ýe­te eýe bo­lup, ýur­dy Prem­ýer-mi­nistr do­lan­dyr­ýar.

28-nji ap­rel­de äh­lu­mu­my saý­law­lar­da saý­la­nan Is­pa­ni­ýa­nyň tä­ze Kong­re­si öz ta­ry­hyn­da ze­nan­la­ryň köp­lü­gi bi­len ta­pa­wut­la­nar. Kong­re­siň 164 or­nu­ny ze­nan we­kil­ler eýe­läp, olar par­la­men­tiň 46,8%-ni düz­ýär. Ola­ryň 64-si saý­law­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan So­sia­lis­tik iş­çi par­ti­ýa­sy­na de­giş­li­dir.

Gel­jek üç ýy­lyň do­wa­myn­da Nor­we­gi­ýa dün­ýä­niň yza ga­lak ýurt­la­ryn­da ýa­şa­ýan ça­ga­la­ryň bi­li­mi­ni art­dyr­mak we sag­ly­gy­ny go­ra­ma­k mak­sa­dy bi­len ÝU­NI­SEF-e 150 mil­li­on dol­lar bö­lüp be­rer. Bu ba­ra­da ÝU­NI­SEF-iň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.

Şu ýyl her ugur bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň möç­be­ri 9 mil­li­on kron (949 müň 400 dol­lar) bo­lar. 2011-nji ýyl­da No­bel baý­ra­gy­nyň möç­be­ri 10 mil­li­on kro­na (1,5 mil­li­on dol­lar) deň bo­lup, 2012-nji ýyl­da bol­sa, 8 mil­li­on kro­na (1,2 mil­li­on dol­lar) çen­li azal­dy­lyp­dy.

Hy­ta­ýyň Mer­ke­zi ban­ky hy­taý me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ös­me­gi­ne ba­gyş­la­nan ýü­rek şe­kil­li ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­la­ry çy­kar­dy. Bu top­lum­da ýe­di şa­ýy pul bo­lup, ola­ryň iki­si al­tyn­dan, bä­şi­si bol­sa, kü­müş­den­dir. Bu şa­ýy pul­lar do­la­ny­şyk­da ula­ny­lyp bil­ner.

Filippinlerde dün­ýä­niň iň gym­mat şy­pa­ha­na­sy ulan­ma­ga ber­il­di. “Ban­wa Private Is­land” Pa­la­wan ada­syn­da ýer­leş­ýär. Ol ýe­re bar­mak üçin Ma­ni­la­dan do­kuz adam­lyk gid­rou­çar bi­len ýo­la düş­me­li. Şy­pa­ha­na al­ty wil­la­dan yba­rat bo­lup, ol ýer­de bir gi­je-gün­diz gal­mak üçin 100 müň dol­lar tö­le­me­li.

13-nji maý­da Hy­ta­ýyň esa­sy üç sa­ny “Air Chi­na”, “Chi­na Eas­tern Air­li­nes” we “Chi­na So­ut­hern Air­li­nes” awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry dün­ýä­niň iň uly ae­ro­port­la­ry­nyň bi­ri – Pe­ki­niň tä­ze hal­ka­ra ho­wa men­zi­li “Da­sin­de” sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşy­rar­lar. Awia­kom­pa­ni­ýa­lar sy­nag uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len öz­le­ri­niň “Boeing 747-8”, şeý­le hem, “Air­bus A359” we “Air­bus A380” uçar­la­ry­ny ýol­lar­lar.