Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen diplomatiýasynyň abraýy has-da belende galýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän ählumumy parahatçylyga, abadançylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlary esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Abraýly halkara guramalaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy ilkinji hatarda gelýär. 1992-nji ýylda bu halkara guramanyň doly hukukly agzalygyna saýlanan Türkmenistan häzirki wagtda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny strategik derejede alyp barýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze belentliklere çykdy. Türkmen döwleti bu guramanyň düzüm birliklerine yzygiderli saýlanyp gelýär. Golaýda ýene-de hoş habarlar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine – 2020–2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020–2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020-2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygy mälim edildi. Bu şatlykly waka hormatly Prezidentimiziň diplomatiýasynyň üstünlige beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýörite edaralarynyň üçüsine saýlanmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, häzirki zamanyň ösüşiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde onuň ýokary ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli, sebit we dünýä derejelerinde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we iýmitiň gowulandyrylmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda ýokary derejeli Azyk forumynyň geçirilmegi başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu başlangyjyň düýp mazmuny ählumumy derejede azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine itergi bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ilat meseleleriniň çözgüdine goşýan goşandy hakynda gürrüň edilende, ýurdumyzda reproduktiw saglyk ulgamyndaky birnäçe möhüm maksatnamalary, demografiýa syýasatynyň geçirilmegi, eneligiň we çagalygyň goralmagy üçin ähmiýetli oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli hem-de sebitleýin derejelerinde köp sanly taslamalary durmuşa geçirýär.
Milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda neşe serişdelerine garşy barlyşyksyz göreş dowam etdirilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi pugta ornaşdyrylyp, zyýanly endiklerden daşda durmaklyk babatda köp sanly çäreler geçirilýär.
Türkmen diplomatiýasynyň gazanýan üstünliklerini ykrar edýän bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda maslahatlardyr çäreler guraldy. Maslahatlarda bellenilişi ýaly, döwletimiziň BMG-niň düzümleriniň üçüsine saýlanmagy döwrüň ählumumy meselelerini çözmekde ýurdumyzyň barha artýan ornunyň ykrar edilmegidir. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana milli Liderimiziň Merkezi Aziýa sebitinde we yklymda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen alyp barýan daşary syýasat ýörelgesine dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.
Muhabbet Döwletowa, A. Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.