Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen Parlament saýlawlarynda “Afrikan milli kongresi” partiýasy 57,51% ses bilen ýeňiş gazandy. Bu barada sesleriň 100%-i sanalandan soňra, merkezi saýlaw komissiýasynda habar berildi. 8-nji maýda geçirilen ählumumy saýlawlaryň barşynda milli parlamentiň agzalary, welaýat häkimleri we welaýat geňeşiniň agzalary saýlandy.
Şeýle hem “Demokratik bileleşik” partiýasy sesleriň 20,76%-ine, çepçi “Ykdysady erkinlik üçin göreşijiler” partiýasy sesleriň 10,79%-ine eýe boldy. Saýlawlarda ýeňiş gazanan partiýa soňra öz liderini ýurduň Prezidenti wezipesine belleýär. Günorta Afrika Respublikasynyň ählumumy saýlawlary 5 ýyldan bir gezek geçirilýär. Saýlawçylar belli bir dalaşgäre däl-de, syýasy partiýa ses berýärler.
“Afrikan milli kongresi” 1994-nji ýyldan bäri ähli saýlawlarda ýeňiş gazanyp gelýär. Geçen 25 ýylyň dowamynda bu partiýa her gezek 60%-den ýokary netijelere eýe bolýar. Ilatyň saýlawlara gatnaşygy 66%-e deň boldy.
Geçen ýylyň 15-nji fewralynda ýurduň Prezidenti wezipesine ozalky wise-prezident, “Afrikan milli kongresi” partiýasynyň agzasy Siril Ramafosa saýlanyp, korrupsiýa garşy göreşde tagallalaryny gaýgyrmaýan lider hökmünde ýurtda giňden tanalýar. Ol işinden gidýändigini mälim eden Jeýkob Zumanyň ýerine bu wezipä saýlanypdy.
Siril Ramafosa 1952-nji ýylda Ýohanesburg şäherinde dünýä inýär. Ol ýurduň Limpopa uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlap, 1970-nji ýyllarda syýasy karýerasyna başlaýar. Ol 1991-nji ýylda Nelson Mandelanyň başlyklygyndaky maslahatda Afrikanyň milli kongresiniň baş sekretarlygyna saýlanylýar. 2014-nji ýylda Siril Ramafosa Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary wezipesinde işleýär.