Litwada 12-nji maýda geçirilen Prezident saýlawlaryna gatnaşan 9 dalaşgäriň hiç birisi hem 50% ses alyp bilmedi. Bu ýagdaý bolsa, ses berlişigiň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini hem-de oňa birinji tapgyryň iki lideriniň gatnaşjakdygyny aňladýar.
Saýlaw komitetiniň maglumatlaryna görä, 54 ýaşly ykdysatçy Gitanas Nauseda sesleriň 31,18%-ine, 44 ýaşly ozalky maliýe ministri Ingrida Şimonite sesleriň 27,16%-ine eýe boldy. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ikinji tapgyrda Nauseda bilen Şimoniteniň ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri deň hasaplanýar.
Prezidentiň wezipesine dalaşgärlik eden Litwanyň 48 ýaşly Premýer-ministri Saulýus Skwernýalis üçünji orny eýeledi. Ol eýýäm özüniň ýeňlişini ykrar edip, hökümet başlygy wezipesinden gitjekdigini mälim etdi. Hünärmenler onuň Ministrler Kabinetinde soňky on ýyllykda iň üstünlikli işlän ýolbaşçylaryň biri bolup, Litwanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde tagallalaryny gaýgyrmandygyny aýdýarlar.
Litwada döwlet baştutanynyň saýlawlary bilen birlikde iki raýatlyk düzgünini girizmek we Parlamentdäki wekilleriň sanyny 15% azaltmak hakynda sala salşyk geçirildi. Ýurt boýunça ses bermek üçin 2 müň töweregi saýlaw uçastogy döredilip, ses bermäge hukugy bolan 2,472 million adamyň saýlawlara gatnaşmaga mümkinçiligi boldy.
Litwanyň häzirki Prezidenti Dalýa Gribauskaýte häzir Prezidentlik wezipesiniň ikinji möhletinde bolup, kanun boýunça üçünji gezek saýlanyp bilmeýär. Litwanyň Prezidenti bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 26-njy maýda geçiriler.