Ýubileý foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy gatnaşdylar. “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen foruma hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.
Forumyň çäklerinde “Gaz – geljegiň ýangyjy”, “TOPH – parahatçylygyň we durnuklylygyň gaz geçirijisi”, “Turba geçirijiler boýunça taslamalar – energetika howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň esasy ugurlary”, “Nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk”, “Gazyň monetizasiýasy, diwersifikasiýa we ösüşlere tarap ýol” ýaly mowzuklar boýunça mejlisler geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gazy bolan Türkmenistan ätiýaçlyk gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. OPEC-iň her ýyl çap edýän statistiki habarlardaky maglumatlaryna görä, ýurdumyz tebigy gazy çykarmagyň möçberi boýunça Ýewropada we GDA-da 3-nji orny eýeleýär. Mejlise gatnaşyjylara gury ýerdäki iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan enjamlaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. “TOPH – parahatçylygyň we durnuklylygyň gaz geçirijisi” diýlip atlandyrylan mejlisde bu iri möçberli taslama gatnaşyjylaryň alyp baran işleri, taslamanyň maliýeleşdirilişi we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Hususan-da, 2019-njy ýylyň ahyryna çenli täze energetika geçirijisiniň türkmen böleginiň çekilmegini tamamlamak meýilleşdirilýär. Anyklanan maglumatlara görä, ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr gaza barabar bolan gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1 müň 840 kilometre, şol sanda Türkmenistanyň çäkleri boýunça 205 kilometre barabardyr. Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde turbageçirijileri gurmagyň taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini çykarýan nebiti hem-de tebigy gazy gaýtadan işleýji täze kuwwatlyklary döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak dowam etdiriler. Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň arasynda sintetiki benzin, kauçuk we polistirol, metildietanolamin, poliwinilasetat we beýleki polimerleri öndürjek täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklary bar.