Uk­rai­na­nyň Ýo­ka­ry Ge­ňe­şin­de (par­la­ment) 20-nji maý­da ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Ze­lens­ki­niň ka­sam ka­bul edişlik da­ba­ra­sy boldy. Wla­di­mir Ze­lens­kiý bir eli­ni ýur­duň Esa­sy Ka­nu­ny­na, beý­le­ki­si­ni hem mu­kad­des ki­ta­ba go­ýup, öz Wa­ta­ny­na we hal­ky­na we­pa­ly gul­luk et­mek ha­kyn­da ka­sam et­di. Ze­lens­kiý ka­sa­myň aşa­gy­na gol çe­ken­den soň, kons­ti­tu­si­on ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy onuň öz we­zi­pe­si­ne res­mi gi­riş­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Şon­dan soň döw­let ýol­baş­çy­sy­na pre­zi­dent­lik şa­ha­dat­na­ma­sy­ we döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň bir­nä­çe nyşanlary gow­şur­yldy.
Uk­rai­na­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen Wla­di­mir Ze­lens­kiý ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy­nyň do­wa­myn­da hal­ky­ny ag­zy­bir­li­ge ça­gyr­dy. Ol her bir uk­rai­na­ly­nyň ýur­duň Ýew­ro­pa ýo­lu­na ýyk­gyn ed­ýän­di­gi­ni bil­me­li­di­gi­ni hem-de bu ug­ra jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Ze­lens­kiý da­ba­ra­da eden çy­ky­şyn­da mun­dan beý­läk ýur­duň hyz­mat­daş­la­ry­nyň bar­ha ar­typ, onuň dün­ýä­de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ýur­duň se­na­sy­nyň da­ba­ra­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi bi­len ta­mam­lan­dy.
Uk­rai­na­da 21-nji ap­rel­de ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da “Hal­kyň hyz­mat­kä­ri” par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Wla­di­mir Ze­lens­kiý ses­le­riň 73,22 gö­te­ri­mi bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň bäs­de­şi – ozal­ky Pre­zi­dent Pýotr Po­ro­şen­ko bol­sa, ses­le­riň 24,46 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Ses ber­li­şi­ge saý­law­çy­la­ryň gat­na­şy­gy 62 gö­te­ri­me deň bol­dy.
Saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ry 31-nji mart­da ge­çi­ri­lip, on­da Wla­di­mir Ze­lens­kiý ses­le­riň 30,23 gö­te­ri­mi bi­len öň­de­li­gi eýe­läp­di. Pýotr Po­ro­şen­ko bol­sa, 16,67 gö­te­rim ses alyp­dy. Saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ry­na je­mi 39 da­laş­gär gat­na­şyp, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry­na Wla­di­mir Ze­lens­kiý bi­len Pýotr Po­ro­şen­ko çyk­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Uk­rai­na­nyň Pre­zi­den­ti bäş ýyl­lyk möh­let bi­len saý­la­nyl­ýar.
Wla­di­mir Alek­sand­ro­wiç Ze­lens­kiý 1978-nji ýy­lyň 25-nji ýan­wa­ryn­da Uk­rai­na­nyň Kri­woý Rog şä­he­rin­de do­gul­ýar. Ol uk­ra­in, rus we iň­lis dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýär. Ol ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan grek-rim gö­re­şi, agyr at­le­ti­ka, bas­ket­bol we wo­leý­bol bi­len meş­gul­la­nyp ug­ra­ýar. Gi­ta­ra we pia­ni­no çal­ma­gy öw­re­nip, mek­dep an­samb­ly­nyň ag­za­sy bol­ýar. Ol 1995-nji ýyl­da mek­de­bi ta­mam­lap, Kri­woržsk yk­dy­sa­dy ins­ti­tu­ty­na oku­wa gi­rip, hu­kuk ylym­la­ry bo­ýun­ça bi­lim al­ýar. Ol ýurt­da sy­ýa­sat­çy, akt­ýor, ýo­mak­çy, sse­na­ri­çi, te­lea­lyp­ba­ry­jy, ki­nop­rod­ýu­ser, aý­dym­çy we şow­men hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ne my­na­syp bol­dy.