Awstraliýada 18-nji maýda geçirilen federal saýlawlarda dolandyryjy konserwatiw Liberal-milli bileleşigi ýeňiş gazandy. Bäsdeş “Işçi” partiýanyň başlygy Bill Şorten öz ýeňlişini boýun alandan soň, liberallaryň lideri Skott Morrison oňat geljek üçin ses beren ähli awstraliýalylara hoşallyk bildirdi. Morrison geçirilen bu saýlawlaryň netijeleri boýunça ýene-de üç ýyl hökümet başlygy wezipesinde galar.
“Işçi” partiýanyň saýlawlardan uly umytlary bardy. Olar saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýalarda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri bilen göreşi hem-de salgyt reformalaryny baş maksatlary edip goýupdy. Olar bäsdeşleri alty ýyl ýurdy dolandyrandan soňra, özlerine hem hökümeti netijeli dolandyrmaga mümkinçiligiň dörändigine ynanýardylar.
– Biziň entek hem etmeli işlerimiz köp. Biz awstraliýalylaryň bähbitleri üçin işimize dolanarys we olaryň giň goldawyna mynasyp başlangyçlary amala aşyrarys. Biziň hökümetimiz durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, salgytlary azaltmakda tagallalaryny gaýgyrmaz – diýip, Awstraliýanyň Premýer-ministri Skott Morrison aýtdy.
Bu saýlawlar Awstraliýada geçirilen iň esasy syýasy çäreleriň biridir. Kanun taýdan Awstraliýanyň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II bolup, iş ýüzünde ýurdy Premýer-ministr dolandyrýar. Ilaty 25 milliona barabar bolan ýurduň 16 millionynyň ses bermäge hukugy bar. Olar Wekiller palatasynyň 151 wekiline we Senatyň 76 wekilinden 40-syna ses berdiler. Senatyň beýleki 36 wekili (parlamentiň ýokarky palatasy) bolsa, 2-nji noýabra çenli saýlanar.
Ýurduň saýlaw komissiýasynyň başlygy Toma Rojersiň aýtmagyna görä, saýlaw kampaniýasy ýurduň taryhyndaky saýlawlaryň iň giň gerimlisi boldy. Ýurduň dürli künjeklerinde açylan saýlaw uçastoklarynda 80 müňden gowrak meýletinçi zähmet çekdi. Saýlaw uçastoklarynyň 85-si daşary ýurtlarda işledi.
Saýlawlarda Wekiller palatasynyň 151 ornuna 1056 adam, senatorlayň 40 ornuna bolsa, 458 adam dalaşgärlik etdi. Wekiller palatasyndan 78 orna eýe bolan partiýa ýa-da bileleşik hökümet düzüp, öz Premýer-ministrini saýlaýar. Esasy bäsleşik liberallar bilen “Işçi” partiýasynyň arasynda bolup, onda ýurduň Premýer-ministri Skott Morrison ýeňiş gazandy.