Gigiýenanyň düzgünlerini saklamak dişleriň saglygyny we olaryň durkuny goramakda ýeterlik däl. Çünki nädogry iýmitlenilen halatynda dişlere has-da köp zeper ýetýär. Dişler iýmitde ähli zerur bolan mikroelementleriň bolmagyny talap edýär. Süýt, gatyk, tworog, ýogurt we peýnir ýaly önümleriň düzüminde kalsiniň uly mukdary saklanyp, beden olary has gowy özleşdirýär. Şonuň üçin her günki iýmit sanawyňyzda süýt önümleriniň bolmagy zerurdyr. Çünki süýt önümleriniň düzüminde kalsiden başga, fosfor we magniý ýaly tapylgysyz maddalar bar. Elbetde, miwelere we gök önümlere hem ähmiýet bermeli. Olar diňe bir witaminlere däl, eýsem, dişiň ýüzüni örtýän gatlaklara we diş etiniň ganjarmagyna garşy göreşde ýardam berýän peýdaly kislotalara baýdyr. Gaty gök önümleri, miweleri we hozlary yzygiderli iýmek dişleri berkidýär we agyz boşlugyny arassalaýar. Şeýle hem gök ösümlikler we ir-iýmişler bakteriýalar bilen göreşde ýardam berip, damarlary berkidýär.
Ýumurtga hem dişler üçin peýdalydyr. Onda kalsiý we D witamini bolup, bedende has oňat özleşýär. Konditer önümleriniň deregine, iň gowusy, ary balyny peýdalanyň. Çünki süýjä we şokolada garanyňda, ary baly diş syrçasyna zyýan ýetirmeýär we dişleriň etini goraýar. Bally ary öýjüklerini çeýnemek hem dişiň ýüzündäki örtükleri aýyrýar we bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýar.
Her günde 1,5-2 litr suw içmek saglygy berkidýär. Bedende suwuň azalmagy tüýküligiň ýeterlik mukdaryny öndürmekde päsgel berýär. Çünki tüýkülik agyz boşlugyny arassalaýar we ýakymsyz yslary aýyrýar. Syratyňy saklamak we dişleriňi goramak üçin şekerden we gazly sowuk içgilerden gaça duruň.