Hindistanda geçirilen ählumumy Parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, Narendra Modiniň ýolbaşçylyk edýän Hindi halk partiýasy – “Bharatiýa janata parti” partiýasy ynamly ýeňiş gazandy. Saýlawlarda Premýer-ministr Narendra Modiniň partiýasy 543 orunlyk Parlamentiň aşaky palatasy – “Lok Sabha”-nyň 300 ornuna eýe boldy. Narendra Modi öz partiýasynyň ýeňşine “Hindistanyň ýeňşi” diýip baha berdi. “Bharatiýa janata parti”-niň esasy bäsdeşi “Hindi milli kongresiniň” ýolbaşçysy Rahul Gandi ýeňlişini ykrar etdi. Bu partiýa aşaky palatanyň 51 ornuny eýelemegi başardy.
Ýurtda ählumumy Parlament saýlawlarynyň ýedinji tapgyry 19-njy maýda tamamlandy. Ol 11-nji aprelde başlan saýlawlaryň iň soňky tapgyrydyr. Maglumatlara görä, saýlawçylaryň 63 milliony ahyrky tapgyrda ses berdiler.
Bu ses berlişik dünýä taryhynda saýlawa gatnaşyjylaryň sany boýunça iň ulusy bolup, ýurtda 900 million saýlawçy bellige alyndy. Hindistanyň saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ses berlişigiň soňky tapgyry Bihar, Jarkhand, Günbatar Bengaliýa, Madhýa-Pradeş, Penjab, Uttar-Pradeş, Himaçal-Pradeş ştatlaryndaky 59 saýlaw okrugynda geçirilip, onuň netijeleri 23-nji maýda mälim edildi.
Saýlawlar 29 ştatyň ählisinde we bileleşigiň ýedi çäginde ýedi tapgyrda: 11-nji aprelde, 18-nji aprelde, 23-nji aprelde, 29-njy aprelde, 6-njy maýda, 12-nji maýda geçirildi. 19-njy maýda parlamentiň aşaky palatasy – “Lok Sabha” üçin saýlawlaryň ahyrky tapgyry geçirildi. “Lok Sabha”-nyň dalaşgärlerini 900 million adam saýlap, bu Ýewropanyň we Awstraliýanyň ilat sanyndan hem köpdür. “Lok Sabha”-da 543 orun bar. Partiýalaryň hökümet düzmek üçin azyndan 272 kürsä eýe bolmagy gerek.