Indoneziýanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Indoneziýanyň häzirki Prezidenti Joko Widodonyň ýurtda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp, döwlet baştutany hökmünde ikinji möhlete galýandygyny mälim etdi. Widodo 55,5%, onuň ýeke-täk bäsdeşi Prabowo Subianto 44,5 % ses aldy.
Indoneziýada 17-nji aprelde Prezident, parlamentiň iki palatasynyň wekilleriniň we ýerli kanun çykaryjy edaralarynyň saýlawlary geçirildi. 260 million ilatly ýurduň 193 million ýaşaýjysynyň bu saýlawlara öz seslerini bermäge hukugy bolup, gatnaşyk 80%-e deň boldy. Ýurtda 813 müň saýlaw uçastogy açyldy. Ýokary döwlet wezipesine häzirki Prezident Joko Widodo hem-de ätiýaçlykdaky general Prabowo Subianto dalaşgärlik etdiler. Esasy kanuna laýyklykda, Prezident bilen birlikde wise-prezident hem saýlanýar. Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň wise-prezidenti wezipesine Maruf Amin saýlandy. Parlament saýlawlaryna 16 sany syýasy partiýa wekilçilik edýän köp sanly dalaşgär gatnaşdy.