Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da “Ang­ry Birds” at­ly se­ýil­gä­hiň ikin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 17 müň ine­dör­dül metr meý­da­ny eýe­le­ýän bu se­ýil­gäh­de dür­li ýaş­da­ky ça­ga­la­r üçin att­rak­si­on oýun­la­ry­nyň köp gör­nüş­le­ri hö­dür­len­ýär. Ge­çen ýyl se­ýil­gä­hiň üs­ti ýa­pyk zo­la­gy gur­lan­dan soň­ra, hem­me­ler onuň ikin­ji tap­gy­ry­nyň – açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky att­rak­si­on­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­ş­ýar­dy­lar. Se­ýil­gäh­dä­ki be­lent­li­gi 42 met­re deň bo­lan “Su­per Slings­hot” (uly sa­pan) esa­sy ün­si çek­ýän des­ga­la­ryň bi­ri­dir. Ol par­kyň myh­man­la­ry­na 60 metr­den er­kin bö­kü­şiň äh­li tä­sin­lik­le­ri­ni duý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
“Raft Batt­le” bö­lü­mi bu ýe­riň kör­pe­je myh­man­la­ry­ny in­te­rak­tiw gör­nüş­de “Bird Is­land” ada­syn­dan “Pig­gy” ada­sy­na sy­ýa­ha­ta alyp gid­ýär. “The Big Tree” bö­lü­mi bol­sa, has ki­çi ýaş­ly kör­pe­je­le­re ni­ýet­le­nen­dir.
Da­ga çyk­ma­gy, ga­ýa dyr­maş­ma­gy we ta­nap­dan ýö­re­me­gi söý­ýän­le­re “City Stu­dio” par­ky tä­sin duý­gu­la­ry baş­dan ge­çir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Park bu ýe­re gel­ýän­le­re bir­nä­çe att­rak­si­on oýun­la­ry­ny, şeý­le hem köp san­ly ka­fe­ler we res­to­ran­lar “Ang­ry Birds”-iň gah­ry­man­la­ry­nyň şe­ki­lin­de taý­ýar­la­nan ýö­ri­te na­har sa­na­wy­ny hö­dür­lär.