Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň döw­let ne­bit kom­pan­ýa­sy ­“Sau­di Aramco”-nyň we­kil­le­ri ýe­ne-de on­lar­ça ýyl­yň do­wa­myn­da öz ne­bi­ti­niň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­la­n­jak­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär­ler. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň pa­ty­şa­ly­gy “Gö­rüş – 2030” stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­de iş­läp, öz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şu mak­sat bi­len hä­zir­ki wagt­da ýur­duň ne­bi­ti üçin tä­ze söw­da ýol­la­ry açyl­ýar. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň için­de “Sau­di Aramco” Hy­ta­ýa we Hin­dis­ta­na ne­bit eks­port et­mek mak­sa­dy bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­ýar. Bu iki ýur­duň ne­bi­te bolan is­le­gi ýo­ka­ry bo­lup, is­len­dik ne­bit ön­dü­ri­jiler üçin mö­hüm ba­zar­lar bo­lup dur­ýar.
Häzirki wagtda “Saudi Aramco” kompaniýasy Ýew­ro­pa we Or­ta ýer deň­zi se­bit­le­rin­de iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu ba­zar­lar­da alyp bar­ýan iş­le­ri ne­bi­tiň sa­tu­wy­ny üç es­se art­dyr­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek we ýer­le­mek mak­sa­dy bi­len biz­ne­si gi­ňelt­mä­ge ýar­dam be­rip, uzak möh­let­le­ýin ter­tip­de ne­bi­te bo­lan dur­nuk­ly is­le­gi üp­jün ed­ýär.
– “Sau­di Aramco” her aý­da Ýew­ro­pa ba­zar­la­ry­na 3 mil­li­on bar­rel ne­bit ug­rad­ýar. Ýa­kyn 2 ýyl­da kom­pa­ni­ýa her aý­da ug­rad­ýan ne­bi­ti­niň muk­da­ry­ny 10 mil­li­on bar­re­le çen­li art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär – di­ýip “Sau­di Aramco”-nyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ab­du­la­ziz al-Ju­dai­mi aýt­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da bölümi “Aramco Tra­ding” öz biz­ne­si­ni iş­jeň­lik bi­len ýaý­baň­lan­dyr­ýar. Ol ne­bi­tiň ug­ra­dy­ly­şy­nyň muk­da­ry­ny 2012-nji ýyl­dan hä­zir­ki wag­ta çen­li bir gi­je-gün­diz­de 300 müň bar­rel­den 4,5 mil­li­on bar­re­le çen­li art­dyr­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Şu mak­sat bi­len sa­ud kom­pa­ni­ýa­sy söw­da­sy­nyň ge­ri­mi­ni 2020-nji ýy­la çen­li bir gi­je-gün­diz­de 6 mil­li­on bar­re­le çen­li art­dyr­ma­gy ni­ýet edin­ýär.
“Aramco” we Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky beý­le­ki mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­la­ry, şol san­da, Abu-Da­bi­niň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy AD­NOC hal­ka­ra ne­bit kom­pa­ni­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy söw­da öý­le­ri bi­len bäs­le­şip, öz söw­da­sy­nyň ge­ri­mi­ni iş­jeň gi­ňelt­mä­ge ta­gal­la ed­ýär­ler. My­sal üçin, gol­land kom­pa­ni­ýa­sy “Vitol” bir gi­je-gün­diz­de 7 mil­li­on bar­rel­den gow­rak ne­bit we ne­bit önüm­le­ri­niň söw­da­sy­ny edip, onuň ne­bi­t söw­da­sy­nyň muk­da­ry­, bir gi­je-gün­diz­de takmynan 3,8 mil­li­on bar­rele deňdir. 2017-nji ýyl­da “Sau­di Aramco” Ýew­ro­pa­da­ky söw­da­sy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mä­ge gi­riş­di. Şon­da ol “Gunvor” treý­de­ri­niň Rot­ter­dam­da­ky ne­bit ter­mi­na­ly­nyň paý­na­ma­sy­ny sa­tyn alyp­dy.
Ge­çen aýda “Aramco Tra­ding” Pol­şa­nyň öň­de­ba­ry­jy ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän “PKN Or­len” za­wo­dy bi­len ne­bit ug­rat­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­işdi. Yla­la­şyk­da sa­ud kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pol­ýak ba­za­ryn­da or­naş­ma­ga, şeý­le hem Ýew­ro­pa has-da ýa­kyn­laş­ma­ga ym­tyl­ýan­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di.
“Aramco” ge­çen ýyl özü­niň gaý­ta­dan iş­le­ýiş kuw­wa­ty­ny bir gi­je-gün­diz­de 5 mil­li­on bar­rel­den 8-10 mil­li­on bar­re­le çen­li art­dyr­ma­gy hem-de ne­bi­ti sat­mak üçin has köp ba­za­ra eýe bol­mak mak­sa­dy bi­len, 2030-njy ýy­la çen­li ne­bit-hi­mi­ýa önüm­çi­li­gi­ni iki es­se art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni ha­bar be­rip­di.
“Aramco” şu ýyl Hy­taý­da­ky “Zhe­jiang Pet­roche­mical” ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de ne­bit-hi­mi­ýa top­lu­my­nyň 9% paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn al­mak ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­di.
Şeý­le hem “Sau­di Aramco” iri hin­di kom­pa­ni­ýa­sy “Re­li­ance In­dust­ri­es”-iň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän we ne­bit-hi­mi­ýa se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň 25%-ini­ sa­tyn al­mak ba­ra­da çyn­la­kaý gep­le­şik­le­ri ge­çir­ýär.
“Aramco”-nyň baş­ly­gy we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Amin Na­se­r mart aýyn­da Hy­taý ta­ra­py bi­len bi­le­lik­dä­ki “Hua­jin Aramco Pet­roche­mical” kom­pa­ni­ýa­sy­na ba­ryp görende: – Bu tas­la­ma­ bi­ziň gaý­ta­dan iş­le­mek we mar­ke­ting bo­ýun­ça dün­ýä li­de­ri bol­mak ba­ra­da­ky soň­ky stra­te­gi­ýa­my­za do­ly la­ýyk gel­ýär. Şeýle hem ol “ne­bit-hi­mi­ýa önüm­le­riniň 2030-njy we 2050-nji ýy­llara çen­li ne­bi­te bo­lan is­leg­iň ösü­şi­niň üç­den bir bö­le­gi­ni düz­me­li­dir” di­ýen çak­la­ma­la­ry­my­za ga­bat gel­ýär – di­ýdi. “Aramco”-nyň baş­ly­gy Amin Na­ser dün­ýä­de ýe­ne-de en­çe­me on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ne­bi­te ze­rur­ly­gyň bol­jak­dy­gy­na we sa­ud ne­bi­ti­ne bo­lan is­le­giň has-da art­jak­dy­gy­na do­ly ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.