2015-nji ýylda dünýäde iň köp nebit öndürýän ýurt Saud Arabystany Patyşalygy boldy. Bu ýurtda 568 million 500 müň nebit öndürildi. Degişli döwürde dünýä boýunça iň köp nebit sarp eden ýurt ABŞ bolup, bu görkeziji 851 million 600 müň tonna barabar boldy.
Dünýä belli “British Petroluem” (BP) kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl dünýä boýunça 13 milliard 147 million 300 müň şertli nebite deň boldy. Degişli döwürde sarp edilen energiýanyň umumy möçberiniň 32,9 göterimi nebitiň paýyna düşdi.
2015-nji ýylda dünýäde nebit önümçiliginiň möçberi 3,2 göterim artyp, 4 milliard 361 million 900 müň tonna barabar boldy. Bu görkezijiniň 13 göterimi Saud Arabystanynyň paýyna düşýär. Saud Arabystany nebit öndürijiligini 4,6 göterim artdyryp, 568 million 500 müň tonna çykardy. Hasabat döwründe 4 milliard 331 million 300 müň tonna nebit sarp edildi. Nebitiň sarp edilişiniň möçberi 2014-nji ýyla garanyňda, 1,9 göterim artdy.