Se­na­ga­tyň ös­me­gi, çig mal çeş­me­le­ri­niň azal­ma­gy, te­bi­ga­tyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy bi­len bag­ly me­ýil­ler kö­ne­li­şen en­jam­la­ry gaý­ta­dan peý­da­lan­ma­ga has köp iter­gi ber­ýär. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň yzy­gi­der­li ös­me­gi tä­ze en­jam­la­ryň gys­ga wagt­da peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­li tä­ze al­nan haý­sy­dyr bir en­jam bir ýyl­dan soň­ra “kö­ne­li­şip” bil­ýär we ýe­ri­ne tä­ze­si alyn­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, zi­bi­le atyl­ýan en­jam­lar hem ozal­ky­lar­dan has kö­pel­di.
Dür­li ýurt­lar­da kö­ne en­jam­lar bel­li bir ba­ha­dan sa­tyn al­nyp, ola­r ma­te­rial­la­ry­na gö­rä, aý­ra­tyn bö­lek­le­re bö­lün­ýär. Elekt­ron en­jam­la­ryň dü­zü­min­de al­tyn, pal­la­diý, kü­müş we mis ýa­ly ele­ment­ler bol­ýar. Bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa, Bel­gi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý ýa­ly ýurt­lar­da kö­ne elekt­ron en­jam­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän fir­ma­lar bar.
Ola­ryň gaý­ta­dan iş­len­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär, yk­dy­sa­dy­ýe­te go­şant goş­ýar. Iň esa­sy zat bol­sa, daş­ky gur­şa­wyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na uly tä­sir ed­ýär. Se­bä­bi bu zi­bil­ler te­bi­ga­ta taş­la­nan­da onuň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny has köp bol­ýar. Şeý­le hem ony gaý­ta­dan iş­läp, çig mal hök­mün­de peý­da­lan­mak, şol çig ma­l has ar­zan düş­ýär.
Or­ta­ça bir ton­na zi­bil­den 1 ki­log­ram al­tyn, 2 ki­log­ram pal­la­diý, has köp muk­dar­da kü­müş we mis alyn­ýar. Kö­ne elekt­ron en­jam­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyl­ýan bol­sa, olar has go­wy bö­lün­ýär. Ýag­ny en­jam­lar­dan alyn­ýan gym­mat ba­ha­ly ele­ment­le­riň muk­da­ry ola­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy­na gö­rä, üýt­ge­ýär. Şeý­le hem has kö­ne en­jam­la­ryň dü­zü­min­de, has köp gym­mat­ly ele­ment bol­ýar.