Germaniýanyň iri maliýe edarasy hasaplanýan “Deutsche Bank” tarapyndan jemgyýetçilik ulagynyň nyrhynyň iň arzan bolan şäherleriniň sanawy taýýarlandy. Dünýäniň dürli künjegindäki 56 şäher boýunça seljermeler geçirildi. Şol seljermede bilermenler bir aýlyk ýol bilediniň bahasy boýunça sanawy taýýarlady. Bu sanawda iň gymmat şäher London, iň arzany bolsa, Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresdir.
Iň ar­zan 10 şä­her:
1Bue­nos-Aý­res, Ar­gen­ti­na: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 15,3 dol­la­ra deň­dir. Jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň iň ýaý­ran gör­nü­şi “ko­lek­ti­wo” şä­her aw­to­bus­la­ry­dyr. Bu şä­her aw­to­bus­lar 135 ugur bo­ýun­ça gat­nawy ama­la aşyr­ýar­lar. Şä­her aw­to­bus­la­ry bi­len di­ňe şä­he­riň çä­gin­e däl, eý­sem, goň­şy we­la­ýat­la­ra hem ba­ryp bo­lýar. Şol bir wagt­da şä­her­de met­ro ulga­my hem gi­ňel­dil­ýär.
2Mum­baý, Hin­dis­tan: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 16,8 dol­lar. Mum­baý ýur­duň esa­sy hem-de iri yk­dy­sa­dy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýur­duň işe ýa­ram­ly bö­le­gi­niň 10 gö­te­ri­mi bu şä­her­de iş­le­ýär. Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry söw­da­sy­nyň 40 gö­te­ri­mi Mum­ba­ýyň pa­ýy­na düş­ýär. Şä­her gir­de­ji sal­gy­dy­nyň 33 gö­te­ri­mi­ne we güm­rük paç­la­ry­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne eýe­dir. Şä­her­de 17 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar we ýüp­lük, ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­mek, hi­mi­ýa we ma­şyn­gur­lu­şyk ýa­ly se­na­gat pu­dak­la­ry ösen­dir.
3Me­hi­ko, Mek­si­ka: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 19,9 dol­lar. Bu şä­her­de esa­sy jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy met­ro­dyr. Ol La­tyn Ame­ri­ka­sy yk­ly­myn­da iň uzy­ny ha­sap­lan­ýar. Şä­he­r mer­ke­zin­de ol ýe­riň aşa­gyn­dan, etek­le­rin­de bol­sa, ýo­ka­r­dan geç­ýär. Met­ro­nyň hyz­ma­tyn­dan her gün 4 mil­li­on­dan gow­rak adam peý­da­lan­ýar.
4Nýu-De­li, Hin­dis­tan: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 23,1 dol­lar. Bu şä­her­de jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry hök­mün­de aw­to­bus­lar, rik­şa­lar, met­ro we tak­si hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Aw­to­bus­lar has giň ýaý­ran­dyr we gat­naw­la­ryň 60 gö­te­ri­mi­ni ama­la aşyr­ýar.
5Pra­ga, Çe­hi­ýa: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 23,4 dol­lar: Şä­he­riň ulag ul­ga­my met­ro­dan, tram­waý­lar­dan we aw­to­bus­lar­dan dü­zü­len­dir. Met­ro 61 du­ral­ga­dan yba­rat bo­lup, uzyn­ly­gy 59,3 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr. Şä­he­riň tram­waý ug­ru­nyň uzyn­ly­gy 136 ki­lo­metr­dir.
6Er-Ri­ýad, Sa­ud Ara­bys­ta­ny: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 24 dol­lar. Ýur­duň iň iri şä­he­ri we paý­tag­ty­dyr. 2009-njy ýyl­da bu şä­her­de met­ro­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nyp­dy. Ol Mek­ge şä­he­rin­den soň ikin­ji met­ro­ly şä­her bo­lar.
7Ban­ga­lor, Hin­dis­tan: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 24,2 dol­lar. Azi­ýa­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän şä­he­ri, ýur­duň iri ylym we se­na­gat mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýer­de ma­şyn­gur­lu­şyk, elekt­ro­ni­ka, ae­ro­kos­mos, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa se­na­ga­ty­na de­giş­li önüm­ler ön­dü­ril­ýär. Şeý­le hem Ban­ga­lor Hin­dis­ta­nyň ylym oja­gy ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de köp san­ly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ýer­leş­ýär.
8Ma­ni­la, Fi­lip­pin­ler: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 24,9 dol­lar. Şä­he­riň aw­tou­lag dü­zü­mi giň­dir. Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan aw­to­bus has köp ula­nyl­ýar.
9Kua­la-Lum­pur, Ma­laý­zi­ýa: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 26,1 dol­lar. Ýur­duň hö­kü­me­tiniň ra­ýat­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan has köp peý­da­lan­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, şä­her­li­le­riň az bö­le­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýar. Köp­lenç öz hu­su­sy ulag­la­ry­ny mün­ýär­ler. Aw­to­bus, met­ro we mo­no­rels esa­sy jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­dyr. Jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň köp bö­le­gi “Ra­pid-KL” hö­kü­met kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li­dir.
10Ja­kar­ta, In­do­ne­zi­ýa: Aý­lyk ýol bilediniň ba­ha­sy 28,7 dol­lar. Esa­sy jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy aw­to­bus. Däp bo­lan ulag gör­nü­şi ba­jaj­dyr.

Wepa NYÝAZLIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.