Dişleriň sagdyn bolmagy üçin esasy zerur zatlar kalsiý we fosfor. Şu elementlere baý iýmitler bilen iýmitlenmek dişleriň berk bolmagyna getirýär. Olar dişleriň bozulmagynyň, dişiň syrçasy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň öňüni almaga kömek berýär.
Deňiz önümleri: deňiz balyklarynyň düzüminde dişleriňi berkitmek üçin ähli zat bar. Olar fosfor, kalsiý, ftor we omega-3 ýaglarydyr. Fosfor süňk dokumalarynyň ösüşini üpjün edýär, ftor dişleriň çüýremezliginiň öňüni alýar.
Süýt önümleri: süýt önümlerini köp iýmeklik diş eti üçin peýdalydyr.
Miweler we gök önümler: gaty miweler we gök önümler dişiň berkemegine uly kömek berýär. Almanyň, kelemiň, hyýaryň we beýleki şuňa meňzeş miwedir gök önümleriň kömegi bilen dişiň syrçasynda emele gelen ýukajyk gatlagy arassalamak mümkindir hem-de dişde daş emele gelmeginiň öňüni almaga kömek berýär. Olar gan aýlanyşygyny gowulandyryp, diş etini berkidýär. Gök sogandyr ysmanak hem dişiň etiniň ganamagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Ukrop we petruşka diş üçin örän peýdalydyr. Olaryň düzüminde efir ýagydyr kalsiniň bolmagy diş syrçasynyň emele gelmegine goşant goşýar.
Gaty peýnir we ýumurtga: gaty peýnir dişiň çüýremezligi üçin peýdalydyr. Onuň hasabyna dişiň syrçasynda özboluşly gorag çyzgysy emele gelýär we ol zyýanly bakteriýalara garşy böwet bolýar. Ýumurtga hem öz gezeginde kalsiý elementine baý bolandygy üçin peýdalydyr.
Eziz HUDAÝBERGENOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.