“Aý­dym-saz – bu köp za­dy öz içi­ne al­ýan dil­dir. Aý­dym-saz bi­zi bir­leş­dir­ýär. Ol bu dün­ýä­niň sim­wo­ly­dyr”. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry 27-nji maý­da We­na­da ge­çi­ri­len “Day of acti­on” kon­ser­ti­niň myh­man­la­ry­na we gat­na­şy­jy­la­ry­na şeý­le söz­ler bi­len ýüz­len­di. Kon­sert­de dür­li žanr­da­ky saz­lar ýaň­lan­dy. Çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­sy BMG-niň pa­ra­hat­çy­lyk il­çi­si – dün­ýä bel­li wio­lon­çel­çi Ýo-Ýo Ma bol­dy.
– Saz­da­ky žanr­la­ryň we tär­le­riň dür­li-dür­lü­li­gi köp me­de­ni­ýet­li jem­gy­ýe­ti şöh­le­len­dir­ýär Bu, esa­san hem, Ýew­ro­pa­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýyn­da aý­ra­tyn mö­hüm­dir. Şu gün­ki jem­gy­ýet köp san­ly ko­wum­lar­dan, me­de­ni­ýet­ler­den we din­ler­den yba­rat­dyr – di­ýip, Baş sek­re­tar aýt­dy. Ýö­ne bu ýag­da­ýa jem­gy­ýe­tiň taý­ýar­ly­gy ze­rur­dyr. Mig­ra­si­ýa hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny we in­teg­ra­si­ýa mak­sat­na­ma­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ta­lap ed­ýär – di­ýip, BMG-niň baş sekretary bel­le­di. Gu­ter­reş hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­dä­ki bos­gun­la­ra ýar­dam ber­mä­ge ça­gyr­dy.
Soň­ra BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Awst­ri­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy we BMG ed­ýän gol­daw­la­ry üçin ho­şal­lyk bil­dir­di. We­na 40 ýyl mun­dan ozal, BMG üçin ga­py­la­ry­ny giň­den açyp­dy. Hä­zir­ki wagt­da Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­tyn­da BMG-niň köp san­ly ştab-kwar­ti­ra­la­ry ýer­leş­ýär.
– Bi­ziň üçin el­bet­de, Ýew­ro­pa­da we­kil­ha­na­my­zyň bol­ma­gy örän mö­hüm­dir. Ýew­ro­pa­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şin­de iň esa­sy pa­ýy hem onuň aň-bi­lim gym­mat­lyk­la­ry­dyr. Şu gün­ki gün­de bu gym­mat­lyk­lar has mö­hüm­dir – di­ýip, BMG-niň baş­ sekretary aýt­dy.
27-nji maý­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça We­na­da ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä “R20” sam­mi­ti­ne BMG-niň Baş sekretary An­to­nio Gu­ter­reş, Awst­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wan der Bel­len we bel­li akt­ýor Ar­nold Şwar­se­neg­ger gat­naş­dy. “R20-Re­gions for cli­ma­te acti­on” at­ly söw­da mak­sat­ly bolmadyk bu gu­ra­ma at­mos­fe­ra zy­ňyl­ýan zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ry azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry iş­läp dü­züp, bü­tin dün­ýä­niň se­bit hö­kü­met­le­ri­ne ýar­dam ber­ýär. Bu gu­ra­ma 2011-nji ýyl­da BMG-niň ýar­da­my bi­len Gol­li­wu­dyň akt­ýo­ry, Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň ozal­ky gu­ber­na­to­ry, eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça ak­ti­wist Ar­nold Şwar­se­neg­ger ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.