Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly film fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Kann ki­no şü­we­le­ňi ta­mam­lan­dy. Iki hep­dä go­laý wagt do­wam eden 72-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­ga – “Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy­na “Mugt­hor­lar” (Gi­saengchung) at­ly ko­reý ki­no­sy my­na­syp bol­dy. “Ok­ja”, “Snow­pi­ercer”, “The Host” ýa­ly filmleri bilen kö­püň söý­gü­si­ni ga­za­nan meş­hur re­žiss­ýor Pon Žun-Ho­nuň su­ra­ta dü­şü­ren ki­no­sy “Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy­ny alan il­kin­ji ko­reý filmidir. Ge­çen ýyl bu baý­ra­ga ýa­pon fil­mi “Dü­kan og­ru­la­ry” my­na­syp bo­lup­dy.
Os­kar­ly re­žiss­ýor Ale­hand­ro Gon­za­les In­ýar­ri­tu­nyň emin­le­re ýol­baş­çy­lyk eden fes­ti­wa­lyn­da “Gran Pri” baý­ra­gy “At­lan­tik” (At­lan­tics) filmi üçin se­ne­gal­ly re­žiss­ýor Ma­ti Dio­pa be­ril­di. Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy­ny 2 film paý­laş­dy. Bra­zil ki­no­sy “Gün­diz­kör” (Bacurau) fil­mi­niň re­žiss­ýor­la­ry Kle­ber Men­don­sa Fi­lo bi­len Žu­lia­no Dor­nel hem-de “Terk edi­len­ler” (Les Mi­sa­reb­les) fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren Ladž Li emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy­lar. Iň go­wy re­žiss­ýor diý­lip, “Ýaş Ah­med” (Young Ah­med) fil­mi üçin bel­gi­ýa­ly re­žiss­ýor do­gan­lar – Žan-Pi­er we Luk Dar­den­ler saý­lan­dy. “Ki­çi Jou” (Litt­le Joe) fil­min­dä­ki keş­bi üçin Emi­li Bi­çem iň go­wy akt­ri­sa, “Azap we şöh­rat” (Do­lor y glo­ria) fil­min­dä­ki keş­bi üçi­nem is­pa­ni­ýa­ly meş­hur ar­tist An­to­nio Ban­de­ras iň go­wy akt­ýor baý­rak­la­ry­ny eýe­le­di­ler. Iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy bolsa, “Alaw­da­ky ze­na­nyň port­re­ti” (Port­ra­it of a La­dy on Fi­re) fil­mi­niň sse­na­ri­çi­si Se­lin Skiam­ma gow­şu­ryl­dy. Şu ýyl il­kin­ji ge­zek ber­len ýö­ri­te ýat­la­ma baý­ra­gy­na “Bu ýer uç­mah bol­ma­ly” (It Must Be Heaven) fil­mi üçin Elia Su­leý­man my­na­syp bol­dy. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de gow­şu­ry­lan beý­le­ki sy­lag­la­ry – “Al­tyn ka­me­ra” baý­ra­gy­ny Se­zar Dia­zyň “Bi­ziň ene­le­ri­miz” (Our Mot­hers) fil­mi, “Baş­ga­ça ga­ra­ýyş” iň go­wy film baý­ra­gy­ny Ka­rim Aý­nu­zyň “Eu­ri­diç Gus­mao­nyň gö­rün­me­ýän dur­mu­şy” (A vida invisivel de Eu­ri­dice Gus­mao) ki­no­sy, şeý­le-de iň go­wy gys­ga met­raž­ly film baý­ra­gy­ny Wa­si­lis Ke­ka­to­syň “Bi­ziň bi­len as­ma­nyň ara­syn­da­ky uzak­lyk” (The Dis­tance Bet­we­en Us and the Sky) ki­no­sy eýe­le­di. Fes­ti­wa­lyň hor­mat baý­ra­gy­na bu ýyl dün­ýä bel­li fran­si­ýa­ly akt­ýor Alan Da­lon la­ýyk gö­rül­di.