Nor­we­gi­ýa­nyň Ko­ro­ly Ha­rald V 2019-njy ýy­lyň ma­te­ma­ti­ka bo­ýun­ça Abel baý­ra­gy­ny ame­ri­kan pro­fes­so­ry Ka­ren Ulen­be­ke gow­şur­dy. Ab­raý­ly baý­ra­gyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy Os­lo uni­wer­si­te­ti­niň mej­lis­ler za­lyn­da ge­çi­ril­di. Nor­we­gi­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy mart aýyn­da Ulen­be­kiň bu baý­ra­ga my­na­syp­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Ame­ri­ka­ly alym bu sy­la­ga my­na­syp bo­lan il­kin­ji ze­nan­dyr. Os­tin­dä­ki Te­has uni­wer­si­te­ti­niň 76 ýaş­ly pro­fes­so­ry Ulen­be­kiň yl­my iş­le­ri­niň ma­te­ma­ti­ka­nyň, fi­zi­ka­nyň we geo­met­ri­ýa­nyň ösü­şin­de äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy bel­le­nip ge­çil­ýär.
Nor­we­gi­ýa­ly ma­te­ma­tik Nils Hen­rik Abe­liň ady­ny gö­ter­ýän bu baý­rak 2002-nji ýyl­da Nor­we­gi­ýa­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýar. Meş­hur ma­te­ma­tik­le­re her ýyl­da be­ril­ýän bu baý­ra­gyň pul sy­la­gy 6 mil­li­on nor­weg kro­ny­na (1,06 mil­li­on dol­lar) deň­dir. Abel baý­ra­gy­nyň eýe­si ýyl­da bir ge­zek Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka bi­le­le­şi­gi we Ýew­ro­pa­nyň ma­te­ma­ti­ka jem­gy­ýe­ti­niň bel­län hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nil­ýär.