Dün­ýä bel­li yk­dy­sa­dy­ýet žur­na­ly “For­bes” soň­ky sa­nyn­da bel­li rep­çi Jay Z-iň goz­gal­ma­ýan em­lä­gi­ni hem ha­sa­ba ala­nyň­da, baý­ly­gy­nyň 1 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi­ni mä­lim et­di. Ne­şir­de 49 ýaş­ly sun­gat us­sa­dynyň saz dö­ret­mek, prod­ýu­ser­lik we te­le­ke­çi­lik bi­len hem meş­gul­lan­ýandygy bellenilýär. Onuň baý sun­gat eser­le­ri kol­lek­si­ýa­sy hem bar. Ha­ky­ky ady Şon Kori Kar­ter bo­lan Jay Z güý­men­je pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan iň gurp­ly adam­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le hem sun­gat us­sa­dy­nyň “Ti­dal” at­ly aý­dym-saz plat­for­ma­sy hem bar. Il­kin­ji al­bo­my “Rea­so­nab­le Doubt”-y 1996-njy ýyl­da çy­ka­ran aý­dym­çy 2008-nji ýyl­da Be­ýon­se bi­len ni­ka­laş­ýar. Jay Z we Be­ýon­se soň­ky ýyl­lar­da ha­ýyr-sa­ha­wat gu­ra­ma­la­ry­na gol­daw ber­ýärler.