Gez­mek – ömür­den… Eý­sem, dün­ýä­dä­ki äh­li ýur­dy aý­lan­mak üçin nä­çe wagt ge­rek bo­lar­ka?! Bu öň­ki dö­wür­ler­de kyn bo­lan bol­ma­gy müm­kin. Em­ma ulagyň we ara­gat­na­şy­gyň ösen häzirki döw­rün­de dün­ýä­ni gez­mek beý­le bir kyn hem däl. Ame­ri­ka­ly Lek­si Al­ford at­ly gyz dün­ýä­niň ga­raş­syz 196 ýur­du­ny ge­zip, re­kord goý­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord Jeýms As­ku­it at­ly og­la­na de­giş­li­di. Ol 2013-nji ýyl­da 24 ýa­şyn­da­ka bu re­kor­dy go­ýup­dy.
Leksi 31-nji maý gü­ni Ko­re­ýa Halk-De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­na bar­ma­gy bi­len dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri­ne aýak bas­dy. Onuň re­kord goý­ma­gyn­da maş­ga­la­sy­nyň şe­re­ke­ti­niň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Al­ford­lar maş­ga­la­sy Ka­li­for­ni­ýa­da sy­ýa­hat­çy­lyk agent­li­gi­ne eýe­çi­lik ed­ýär. Şol se­bäp­li ol ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan baş­lap bir­nä­çe ýur­da ba­ryp gör­ýär. Lek­si özü­ni bi­le­li bä­ri baş­ga ýurt­la­ra ge­ze­lenç eden­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Ol 18 ýa­şyn­da­ka eý­ýäm 72 ýur­dy ge­zen eken. Şol wagt ol dün­ýä re­kor­dy­ny goý­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir. Şon­dan soň­ra ol bu mak­sa­dy­na ýet­mek üçin maş­ga­la­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk agent­li­gin­de mas­la­hat­çy bo­lup iş­läp baş­la­ýar we bir ýyl­da top­lan pu­ly bi­len ýa­rym ýyl­lyk sy­ýa­ha­ta çyk­ýar. Ge­zen ýer­le­ri­niň iň go­wy pur­sat­la­ry­ny su­ra­ta dü­şü­rip, ola­ry in­ter­net ak­ka­un­dyn­dan ýaý­rad­ýar. Lek­si sy­ýa­hat eden döw­rün­de ba­ran ýur­du­nyň paý­tag­tyn­dan beý­le­ki ýer­le­ri hem gör­mek, ýer­li ta­gam­la­ry dat­mak we ta­ry­hy ýer­le­ri su­ra­ta dü­şür­mek üçin hem ta­gal­la eden­di­gi­ni bel­le­ýär. Ýaş sy­ýa­hat­çy äh­li ýur­da de­giş­li öz tej­ri­be­le­ri­ne hem-de sy­ýa­ha­ty­nyň do­wa­myn­da alan sa­pak­la­ry­na de­giş­li ki­tap ýaz­ýar.
Ol sy­ýa­hat­çy­lyk çyk­da­jy­la­ry­nyň köp bö­le­gi­ni özi üp­jün edip­dir. Ja­han­keş­de gyz uzak ýo­la gi­di­len­de ýa­nyň bi­len köp zat al­ma­ly däl­di­gi­ne ün­si çek­ýär. Ol sy­ýa­hat­çy­lyk eden döw­rün­de ýüz­be-ýüz bo­lan iň uly me­se­le­si­niň dil­di­gi­ni bel­le­ýär. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň ta­lap­la­ry­na gö­rä, bu ugur­da re­kord goý­mak üçin di­ňe bu ýurt­la­ra bar­mak ýe­ter­lik däl, eý­sem, şol ýer­ler­dä­ki kä­bir ta­ry­hy we döw­re­bap bi­na­la­ra hem ba­ryp gör­me­li.