Dünýäde her ýylda azyk önümleri we beýleki harytlar hiç hili ulanylmazdan ýok edilýär. Munuň köpüsi zaýalanmagy sebäpli bolýar. Emma lýuks harytlary öndürýän kompaniýalar öz brend gymmatlygyny saklamak üçin ýerlenilmedik harytlaryny hem ýok edýärler. Fransiýa bu zaýaçylygyň öňüni almak üçin täze kanun taslamasyny taýýarlaýar. Ýurduň Premýer-ministri Eduar Filipp satylmadyk ýa-da müşderileriň ulanmazdan yzyna tabşyran harytlarynyň ýok edilmeginiň gadagan ediljekdigini mälim etdi. Kanuna laýyklykda, egin-eşik we arassaçylyk harytlarynyň ýok edilmeginiň gadagan edilmegi baradaky kanunyň öňümizdäki 4 ýylyň dowamynda güýje giriziljekdigi mälim edildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen aý Ýewropa ýurtlarynda geçirilen saýlawlarda “ýaşyl” partiýalar ozalky ýyllardakydan has köp ses aldy. Bu partiýalar tebigatyň arassa saklanmagyna we zaýaçylygyň öňüniň alynmagyna has köp tagalla edilmegini talap edýär. Fransiýanyň Premýer-ministriniň edarasynyň maglumatlaryna görä, bu ýurtda her ýylda 650 million ýewrolyk täze haryt zyňylýar ýa-da ýok edilýär.
Iňlis moda şereketi “Burberry” arzan bahadan satylmazlygy üçin ýylda ortaça 28,6 million funt sterlinge barabar egin-eşikleri, aksessuarlary we parfýumeriýa önümlerini ýakýandygyny mälim edipdir. Bu ýagdaýyň beýleki brendlere hem degişlidigi habar berildi.