We­losiped ýa­ry­şy­na gat­naş­ýan tür­gen­leriň we­lo­si­ped­le­ri­ni bir-bi­ri­ne örän ýa­kyn sür­ýän­dik­le­ri ün­sü­ňi­zi çe­ken­dir. El­bet­de ýa­ry­şyň esa­sy mak­sa­dy pel­le­ha­na bi­rin­ji gel­mek. Eý­sem, mu­nuň baş­ga se­bä­bi ýok­mu­ka?!
Uzak ýol we­lo­si­ped­çi­le­ri ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li tür­gen­ler ho­wa­nyň gar­şy­ly­gy­ny ýeň­mek, şeý­le­lik­de az ýa­da­mak üçin pe­lo­ton at­ly top­bak gör­nü­şin­de ýö­re­ýär­ler. Tä­ze ge­çi­ri­len bar­lag­da we­lo­si­ped­çi­le­re bu usu­lyň ýe­li we ho­wa ba­sy­şy­ny nä­de­re­je­de azalt­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Ne­ti­je­de, bu usu­lyň we­lo­si­ped­çi­le­re ed­ýän peý­da­sy­nyň çak edi­li­şin­den 10 es­se köp­dü­gi anyk­lan­dy. Hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan komp­ýu­ter si­mul­ýa­si­ýa­sy hä­zi­re çen­li sport gör­nüş­le­ri­ne de­giş­li iň uly yl­my bar­lag bol­dy. Bar­lag su­per­komp­ýu­ter­de 54 sa­gat­da ta­mam­lan­dy. Bir pe­lo­to­nyň için­de git­me­giň ho­wa­nyň gar­şy­ly­gy­ny azald­ýan­dy­gy ozal­dan hem mä­lim­di. Em­ma mu­nuň nä­de­re­je­de peý­da ber­ýän­di­gi jik­me-jik öw­re­nil­män­di. Ne­ti­je­de, pe­lo­to­nyň için­de bar­ýan we­lo­si­ped­çi ýe­ke özi bar­ýan we­lo­si­ped­çi­niň duý­ýan ho­wa gar­şy­ly­gy­nyň 5 gö­te­ri­mi­ni duý­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Bar­lag­da 121 tür­ge­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­dan öw­re­nil­di. Ki­çi göw­rüm­li sen­sor­lar ar­ka­ly we­lo­si­ped­çi­niň duý­ýan ba­sy­şy jik­me-jik öl­çen­di. We­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar pe­lo­to­nyň bel­li ýer­le­rin­de git­mä­ge sy­na­nyş­ýar­lar. Bar­lag­da 6-njy we 7-nji ha­ta­r­da git­me­giň has amat­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Se­bä­bi bu ýer­de yz­ky ha­tar­lar­da­ky­lar bi­len deň ba­syş du­ýul­ýar. On­dan öň­ki ha­tar­lar­da­ky­lar bol­sa has köp ba­sy­şa se­ze­war bo­ýar­lar. Bu bol­sa, bi­rin­ji bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ýar.