Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimize 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda hasabat berildi. Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.
Bu ajaýyp zähmet ýeňşi milli Liderimiziň oba zähmetkeşleri baradaky hemmetaraplaýyn aladasyna mynasyp jogapdyr.
Şu ýyl — “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda dürli oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, piläniň satyn alnyş nyrhy ep-esli ýokarlandyryldy. Oba zähmetkeşleriniň ýüpekçilik bilen meşgullanmaga gyzyklanmasy artýar. Bu önümçiligiň taryhy türkmen topragynda ençeme müňýyllyklara barabardyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýüpekçiligi ösdürmek, onuň gadymy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak babatda maksadalaýyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde tut ýetişdirilýän meýdanlaryň giňeldilmegi babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýän tut agajy diňe uzak ýaşaýandygy bilen däl, eýsem, köp sanly peýdaly häsiýetleri bilen hem tapawutlanýar. Mundan başga-da, tut agaçlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň gyralarynda ekilmegi oba hojalyk ekinlerini ýelden goraýar, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkidýär.
Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda dokma senagatynyň önümçilik düzümi, şol sanda onuň ýüpekçilik pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Bu pudagyň önümleri ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär hem-de uly islegden peýdalanýar.
Ýeňiş MAMMOWOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.