Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Meý 7-nji iýun­da möh­le­tin­den öň işin­den gi­de­nin­den soň, ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we­zi­pe­si­ne 10 da­laş­gär saý­lan­dy. Saý­la­wyň öň ýa­nyn­da­ky bäs­le­şi­giň üç­lü­gi­ne ozal­ky we hä­zir­ki da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri Bo­ris Jon­son we Je­re­mi Hant, şeý­le hem, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mi­nistr Maýkl Go­uw da­gy gir­di. Ola­ryň için­de di­ňe Bo­ris Jon­son öz mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak­da çyn­la­kaý ädim­le­ri bi­len giň­den ta­nal­ýar.
Da­laş­gär­le­riň saý­la­wy 13-nji iýun­da baş­lap, ola­ra Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň we­kil­le­ri ses be­rip ugradylar. Da­laş­gär­ler 20-nji iýu­na çen­li iki bo­lup ga­lar­lar. Ola­ryň diňe birini Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­la­ryň çen bi­len 160 müň we­ki­li saýlap alar.