10-njy iýun­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­de Hal­ka­ra zäh­met gu­ra­ma­sy­nyň 108-nji mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ry­ň 40-dan gow­rak döw­let hem-de hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­ çy­kyş edýärler. Onuň gün ter­ti­bin­de oba ho­ja­ly­gy, söw­da, ylym-bi­lim ugur­la­ry­nyň, şol san­da glo­bal­laş­ma­gyň, zäh­met şert­le­ri­niň öz­ge­ri­şi­niň we oňa uý­gun­laş­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şylýar. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar glo­bal­laş­ma­gyň zäh­met­keş­ler üçin yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li bol­ma­ly­dy­gy­ny öňe sür­dü­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nist­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti bu mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da çy­kyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň gu­ra­ma ag­za­ly­gy­nyň ge­çen 25 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň mil­li ka­nun­çy­ly­gy ös­dür­mek we ony iş ýü­zün­de ulan­mak ar­ka­ly HZG-niň ra­ti­fi­sir­le­nen we ra­ti­fi­sir­len­me­dik kon­wen­si­ýa­la­ry­nyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­gi bo­ýun­ça, şeý­le hem Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy ug­run­da ýur­du­my­zyň esa­sy ga­za­nan­la­ry­ny giň­den açyp gör­kez­di­ler.
Bu gu­ra­ma 100 ýyl mun­dan ozal, Wer­sal şert­na­ma­sy­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de Ikin­ji ja­han ur­şy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, iş­çi­ler üçin so­si­al deň­li­gi üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär. Ikin­ji ja­han ur­şy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, ol BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len esa­sy eda­ra­la­ry­nyň bi­ri bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu gu­ra­ma dün­ýä­niň 187 ýur­du­ny öz içi­ne alyp, oňa gir­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar.
Hal­ka­ra zäh­met gu­ra­ma­sy uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da iş gü­nü­niň do­wam­ly­ly­gy, ene­li­gi go­ra­mak, zäh­met ýa­şy we gen­der deň­siz­li­gi ýa­ly dün­ýä ýurt­la­ry­nyň zäh­met işi­niň dür­li ugur­la­ry­ny iç­gin öw­ren­di. Soň­ky wagt­lar­da bu gu­ra­ma­da glo­bal­laş­ma se­bäp­li dün­ýä jem­gy­ýe­tiniň ýüz­be-ýüz bo­lýan dür­li öz­ge­riş­lik­le­ri çyn­la­kaý öw­re­nil­ýär. 21-nji iýuna çenli dowam etjek maslahatyň jemleri boýunça “HZG-ňiň 100 ýyllygynyň jemleýji resminamasynyň” kabul edilmegine garaşylýar.