14-15-nji iýun­da Du­şan­be­de Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça (CICA) döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň bä­şin­ji mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Sam­mi­tiň işi­ne Rus­si­ýa, Hy­taý, Eý­ran, Azer­baý­jan, Öz­be­gis­tan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Bang­la­deş we Şri-Lan­ka ýa­ly ýurt­la­ryň döw­let ýol­baş­çy­la­ry hem-de birnäçe ýurtlaryň Prem­ýer-mi­nistrleri, wi­se-prem­ýerleri we da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň baş­lyk­la­ry gat­naş­dy­lar.
Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça mas­la­hat (CICA) hal­ka­ra fo­ru­my bo­lup, Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär. Ol 27 döw­le­tiň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­di­rip, Azi­ýa­nyň 90 gö­te­rim çägi­ni we ila­ty­ny öz içi­ne al­ýar. Şeýle hem 8 döw­le­tiň, 5 hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň, şol san­da, BMG-niň syn­çy de­re­jeleri bar.
Ge­çen ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça mas­la­ha­ta ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ýö­ri­te mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da mas­la­ha­tyň baş­lyk­lyk we­zi­pe­si­ni Hy­taý­dan (2014-2018-nji ýyl­lar ara­ly­gy) Tä­ji­gis­ta­na (2018-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gy) ge­çir­mek da­ba­ra­sy bol­updy.
Azi­ýa­da öza­ra gat­na­şyk­lar we yna­nyş­mak öl­çeg­le­ri bo­ýun­ça mas­la­hat 1992-nji ýyl­da Ga­za­gys­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len esas­lan­dy­ry­lan döw­le­ta­ra fo­ru­my­dyr. Onuň mak­sa­dy gep­le­şik­ler üçin şert dö­ret­mä­ge, ka­rarlary ka­bul et­mä­ge hem-de Azi­ýa­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şu gün­ki gün­de Azi­ýa­nyň 27 döw­le­ti bu mas­la­ha­tyň ag­za­la­ry bo­lup dur­ýar­. 2014-nji ýyl­dan bä­ri onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Nur­-Sul­tan (As­ta­na) şä­he­rin­de ýer­leş­ýär.