ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp 18-nji iýun­da Flo­ri­da şta­ty­nyň Or­lan­do şä­he­rin­de öz ta­rap­dar­la­ry­nyň öňün­de eden çy­ky­şyn­da 2020-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek saý­law­la­ra ikin­ji ge­zek da­laş­gär­lik et­jek­di­gi­ni res­mi taý­dan mä­lim et­di. Do­nald Tram­pyň saý­law­lar­yň öň­ ýanyndaky bu ýyg­na­gy 20 müň adam­lyk sta­di­on­da ge­çi­ril­di.

Ame­ri­kan Li­de­ri ta­rap­dar­la­ry­nyň öňün­de eden çy­ky­şyn­da ýur­du­nyň gül­läp ös­ýän­di­gi­ni we tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. – Bi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­z bü­tin dün­ýä­niň ün­sü­ni çek­ýär, çün­ki ol hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­nyň haý­sy­dyr bir döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, iň ýo­ka­ry de­re­je­le­re ba­ryp ýet­di – di­ýip, ol aýt­dy.
Donald Tramp 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da­ky ýeň­şi­ni ýat­la­dyp, ýe­ne-de bu üs­tün­li­giň gaý­ta­la­njak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Tram­p mu­nuň üçin 2020-nji ýy­lyň saý­law­la­ryn­da özüne ikinji möhlet üçin hem goldaw bermeklerini sorady.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň 59-njy saý­law­la­ry 2020-nji ýy­lyň 3-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ril­ýär. Wis­kon­sin şta­ty­nyň Mi­luo­ki şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 13-nji iýu­lyn­dan 16-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň gu­rul­ta­ýy ge­çi­ri­lip, on­da Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­ler hö­dür­le­ner.
Res­pub­li­ka­çy­lar öz gu­rul­ta­ýy­ny gel­jek ýy­lyň 24-27-nji aw­gus­tyn­da De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­ty­nyň Şar­lott şä­he­rin­de ge­çi­rer­ler.
“Fox News” te­le­ýaý­ly­my­nyň gu­ra­ma­gynda ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­şma­da, Do­nald Tram­pyň esasy bäs­de­şi ozal­ky wi­se-prezident Jo Baý­de­ne saý­law­çy­la­ryň 40 gö­te­ri­mi­niň, Do­nald Tram­pa bol­sa, 39 gö­te­ri­mi­niň ses ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy mälim edilipdi.