Ýewropa Bileleşigi 2024-nji ýyla çenli strategik taslamasynyň meýilnamasyny mälim etdi. “Euronews” teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, taslamada bileleşigiň indiki bäş ýyldaky howpsuzlyk çäreleri, ykdysady ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligi hem-de daşky gurşawy goramak boýunça tagallalary artdyrmak ýaly strategik maksatlar göz öňünde tutulýar.
Maksatnamada Ýewropa Bileleşiginiň mundan beýläk hem giňeldilmegi we oňa täze agzalary kabul etmek mümkinçilikleri bellenilýär. Şeýle hem immigrasiýa meselelerine, daşky gurşawy howa zyňylýan zyýanly maddalaryň ýaramaz täsirinden goramak boýunça çärelere aýratyn üns berilýär. Şonuň ýaly hem, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa üpjünçiligi esasy meseleleriň hatarynda görkezilýär.
Ýakyn wagtda Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň geçirilmegi meýilleşdirilip, maslahatyň öňüsyrasynda onuň maksatnamalary işlenip düzüldi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary sammite çenli strategik ähmiýetli taslamalary ara alyp maslahatlaşarlar hem-de oňa käbir düzedişleri girizerler.