16-njy iýun­da Gwa­te­ma­la Res­pub­li­ka­syn­da äh­lu­mu­my saý­law­lar ge­çi­ril­di. Mer­ke­zi Ame­ri­ka­da­ky bu ýurt­da esa­sy bäs­deş­lik Sand­ro Tor­res bi­len Ale­hand­ro Jam­mat­tei­niň ara­syn­da geç­di. Saý­law­çy­la­ryň sa­na­wy­na 8 mil­li­on­dan gow­rak adam bel­li­ge alyn­dy. Pre­zi­dent­lik we­zi­pe­si üçin 19 da­laş­gär bäs­leş­di. Ses­ler sa­na­lan­dan soň­ra, “Umyt mil­li bi­le­le­şi­gi” (Uni­dad Nacio­nal de Es­pe­ran­za – UNE) par­ti­ýa­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Sand­ra Tor­re­siň 25,01%, onuň bäs­de­şi “Öňe” (Vamos) par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ale­hand­ro Jam­mat­tei­niň 14,16% se­se eýe bo­lan­dy­gy bel­li bol­dy. Gwa­te­ma­la­nyň Pre­zi­den­ti gaý­ta­dan saý­lan­mak hu­ku­gy bol­maz­dan, 4 ýyl­lyk möh­let bi­len saý­lan­ýar. Düzgüne görä, saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin da­laş­gä­riň ses­le­riň 50%-den gow­ra­gy­na eýe bol­ma­gy ge­rek. Şoňa görä, saý­law­la­ra gat­na­şy­jy­la­ryň hiç bi­ri­si­niň ýeterlik sesi gazanmanlygy üçin 11-nji aw­gust­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­ler.
Kong­re­siň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry ga­ry­şyk ul­gam bo­ýun­ça ge­çi­ri­lip, oňa gat­naş­ma­ga 28 par­ti­ýa bel­li­ge alyn­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, “Umyt mil­li bi­le­le­şi­gi” par­ti­ýa­sy bir pa­la­ta­ly Kong­re­siň saý­law­la­ry­nda 19,5% bi­len, “Öňe” par­ti­ýa­sy bol­sa, 9% ne­ti­je bi­len öňe saý­lan­dy. Ses ber­li­şi­ge we ses­le­ri sa­na­ma­gyň bar­şy­na 2,6 müň­den gow­rak ýer­li we hal­ka­ra syn­çy­la­r gat­naş­dy­lar.