Russiýa 2025-nji ýyla çenli suwuklandyrylan tebigy gazyň eksportyny 95 milliard kubmetre çenli artdyrar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý “Russiýa – Ýewrobileleşigiň energiýa hyzmatdaşlygyndaky mümkinçiligi” atly halkara maslahatynda mälim etdi. 2018-nji ýylda Russiýa suwuklandyrylan tebigy gazyň eksportyny 70%, ýagny 26 milliard kub metre çenli artdyrdy.
Russiýada suwuklandyrylan tebigy gazyň önümçiligi 2035-nji ýyla çenli her ýylda 140 million tonna artdyrylar diýip, Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Aleksandr Nowak aýtdy.
Russiýanyň suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligini artdyrmaga uly mümkinçilikleri bar. Häzirki wagtda köp sanly zawodlar gurulýar. Şonuň bilen birlikde hem suwuklandyrylan gaza bolan isleg has-da artýar. Çaklamalara görä, 2035-nji ýyla çenli geljekki goşmaça isleg 300 milliondan 350 million tonna deň bolar.