Afrikanyň ýaşlary gujurlylygy hem-de ýagty geljege, üstünlige ynanýan röwşen pikirleri bilen täze eýýama – durnukly ösüşe okgunly gadam basýar. Birleşen Milletler Guramasy Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda yklymyň meselelerini çözmäge tagalla edýär we ileri tutulýan taslamalara ähmiýet berýär. Bu barada BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterreş mälim etdi.
BMG-niň baştutany Afrika bileleşiginiň şu ýyl döredilmeginiň 56 ýyllygyny belländigini aýdyp, bu yklym bilen hyzmatdaşlykda uly ösüşleriň bolup geçendigini belledi.
Antoniu Guterreş parahatçylyga ýardam bermek boýunça berjaý edilýän işleriň, durnukly ösüş boýunça taslamalaryň we daşky gurşawyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri bilen göreş boýunça iki guramanyň her ýylda geçirýän bilelikdäki maslahatlarynyň netijeli bolandygyny nygtady.
Afrika ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşde täsiri onçakly köp bolmasa-da, yklym bu ugurda çynlakaý tagalla edýär. Eger-de gysga wagtyň içinde ýyladyşhana gazlarynyň howa zyňylmagyny azaltmak adamzada başartmasa, onda onuň çynlakaý netijeleri Afrika yklymynda hem duýlar. Baş sekretar bilelikdäki tagallalary birikdirip, ikitaraplaýyn ynam esasynda yklymyň öňündäki meseleleri çözmek maksady bilen BMG-niň we Afrika Bileleşiginiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge çagyrdy.
Geçen ýyl 55 agzadan ybarat bolan Afrika Bileleşiginiň 49 agzasy Afrika yklymynyň erkin söwda zolagyny döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Afrika Bileleşiginiň beýanatyna görä, Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy 1,2 milliard ilatly we milli girdejisi 2,5 trillion dollara barabar bolan afrikan bazarly dünýäniň iň iri erkin söwda zolagy bolar.