Pekiniň Bütindünýä bagbançylyk sergisi “EKSPO-2019”-a Beýik Britaniýanyň gatnaşmagy iki ýurduň “ýaşyl” ösüş, energiýa ätiýaçlyklaryny tygşytlamak, taşlandylary azaltmak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam berer. Bu barada Beýik Britaniýanyň Halkara söwdasy ministrliginiň hemişelik sekretary Antonia Romeo mälim etdi. Halkara söwdasy ministrligi EKSPO sergisiniň esasy myhmany bolup, onda Beýik Britaniýanyň pawilony sergä gelip görýänleriň müňlerçesiniň ünsüni özüne çekdi.
Antonia Romeonyň aýtmagyna görä, Pekinde geçirilýän EKSPO-2019 Beýik Britaniýanyň bagbançylyk boýunça ýokary derejesini we onuň “ýaşyl” innowasiýa boýunça mümkinçiliklerini görkezmek üçin oňat şert döretdi. – Biz bu sergi arkaly ýurdumyzyň bu ugurdaky gazanan mümkinçiliklerini bütin dünýä görkezmek isleýäris. London durnukly ösüş, durnukly oba hojalygy we beýleki “ýaşyl” tehnologiýalar boýunça dünýä lideri bolmaga tagalla edýär – diýip, Antonia Romeo belledi. Ol iki ýurduň howa zyňylýan zyýanly maddalaryň möçberini azaltmakda, daşky gurşawy goramakda hem-de Ýer togalagynyň gülläp ösüşine goşant goşmakda ýygjam hyzmatdaşlyk edip biljekdiklerini sözüniň üstüne goşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, 28-nji aprelde Hytaýyň paýtagty Pekinde Halkara bagbançylyk sergisi EXPO – 2019 öz işine başlady. Sergi “Gök ösümlikler bilen oňat ýaşa” atly şygar astynda 7-nji oktýabra çenli dowam edýär. Bu çärä ýurtlaryň 86-sy we halkara guramalaryň 24-si gatnaşyp, bagçylyk we seýilgäh ugrundan öz bilimlerini, däplerini, innowasion tehnologiýalaryny hödürleýärler. Serginiň çäklerinde 220 müňden gowrak gyrymsy agaçlar we köp sanly güller görkezilýär. Bu ýerdäki sergi meýdançalarynda dünýä bagbançylygynyň iň gowy nusgalary hödürlenýär. Sergä gatnaşýan ýurtlar milli bagbançylygyň aýratynlyklary bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýarlar.