Iýulyň başynda Çiliniň demirgazyk böleginde garaşylýan doly Gün tutulmasy, bu seýrek hadysany görmek isleýän müňlerçe syýahatçylary özüne çekýär. Bu barada “Euronews” teleýaýlymy habar berýär. Eýýämden ýurduň köp sanly myhmanhanalarynyň 2-nji iýul üçin ähli otaglarynyň eýelenendigi habar berilýär.
Ýuwaş umman kenarlarynda we Andda ýerleşýän Kokumbo sebitine gatnawlar barha artýar. Kenar ýakasyndaky La Serena şäherinde sagat gurnalyp, ol garaşylýan wakanyň wagtyny hasaplaýar. Maglumatlara görä, Gün tutulmasy bu sebite 400 müň töweregi syýahatçyny getirer. Çiliniň Prezidenti Sebastýan Pinera bu hadysany ýurduň iň möhüm wakalarynyň biri hökmünde mahabatlandyrdy.
Çiliniň demirgazyk böleginde, Argentinanyň we Täze Zelandiýanyň käbir etraplarynda dolulygyna Gün tutular. Aý Günüň öňünden geçip, onuň ýagtylygyny bütinleý ýapar we birnäçe minutlap Ýere doly garaňkylyk aralaşar.
NASA-nyň maglumatlaryna görä, 2-nji iýulda boljak Gün tutulmasy 4 minut 33 sekunt dowam edip, ozalky Gün tutulmasynyň wagtyndan iki esse köpdür. Gün tutulmasy soňky gezek 2017-nji ýylyň tomsunda bolup geçipdi.