17-18-nji iýun­da Uk­rai­na­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Ze­lens­kiý Ýew­ro­pa sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Ol sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel hem-de Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron bi­len du­şu­şyp, iki ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ge­l­je­gi ba­ra­da pikir alyşdylar­. Şeý­le hem Ze­lens­kiý sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da bu ýurt­la­ryň Par­la­ment baş­tu­tan­la­ry hem-de işe­wür to­par­la­ry bi­len gepleşikler geçirdi.

15-nji iýun­da Slo­wa­ki­ýa­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Zu­za­na Ça­pu­to­wa we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy Bra­tis­la­wadaky fi­lar­mo­ni­ýa köş­gün­de ge­çi­ril­di. Ýur­duň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti 31-nji mart­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da 58,38 gö­te­rim ses bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ça­pu­to­wa 1993-nji ýyl­da ýurt ga­raş­syz­ly­gy­ny alan­dan soň­ra, Slo­wa­ki­ýa­nyň bä­şin­ji we iň ýaş Pre­zi­den­ti­dir.

Ita­li­ýa­nyň wi­se-prem­ýe­ri hem-de içe­ri iş­ler mi­nist­ri Mat­teo Sal­wi­ni ABŞ-da sa­par­da bo­lup, ýur­duň bir­nä­çe döw­let iş­gä­rleri, şol san­da, döw­let sek­re­ta­ry Maýk Pom­peo bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Ol dür­li me­se­le­ler bo­ýun­ça Wa­şing­to­nuň we Ri­miň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny bel­läp: – Ita­li­ýa ABŞ-nyň iň ýa­kyn hyz­mat­da­şy bol­ma­ga taý­ýar­dyr – di­ýip, bel­le­di.

Hy­ta­ýyň gün­do­gar we­la­ýa­ty Szýan­su­nyň Si­ni şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky dag­lar­da ame­ri­kan-hy­taý bar­lag ge­çi­ri­ji­ler to­pa­ry di­no­zaw­ryň dört sa­ny aýak yzy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, ola­ryň ýa­şy 100 mil­li­on ýy­la ýet­ýär.

BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy dün­ýä­de her ýyl­da adam ba­şy­na düş­ýän ba­ly­gyň sarp edi­li­şi­niň 20 ki­log­ram­dan az bol­ma­ly däl­di­gi­ni na­za­ra alyp, (FAO) Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­na ba­lyk ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin how­dan­lar­dan has iş­jeň peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýär. Bu ba­ra­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da we Kaw­kaz­da ba­lyk ho­ja­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek­de FAO-nyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ri­len se­mi­nar­da bel­le­ni­lip ge­çil­di.

Ita­li­ýa­nyň ku­rort şä­he­ri Ri­mi­ni­de gar­ta­şan adam­lar üçin myh­man­ha­na açyl­dy. Ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň ha­sa­by­na gur­lan myh­man­ha­na­da 33 bel­gi bo­lup, on­da di­ňe meý­le­tin­çi­ler hyz­mat ed­ýär. “Bi­ziň öýü­müz” (A casa nost­ra) at­ly bu gar­ry­lar öýün­de ýa­şy hor­ma­ta my­na­syp adam­lar bo­lar. Gu­ra­ma­çy­lar öz mak­sat­la­ry­nyň gar­ry­la­ra ýal­ňyz­lyk­dan üs­tün gel­mä­ge ýar­dam ber­mek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Bu ýer­de ki­re­ýi­ne ýa­şa­ýan­lar üçin bir­nä­çe hyz­mat­lar, şol san­da, luk­man­la­ryň ýar­da­my, ýö­ri­te na­har sa­na­wy, güý­men­je­ler, ka­rao­ke, tans­lar, sport za­ly we ýü­zül­ýän ho­wuz göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär.

“Gravity jet suits” at­ly ýö­ri­te eşi­gi ge­ýen uçar­man­lar re­ak­tiw ýan­gyç­ly mi­ni-mo­tor­la­ryň ýar­da­my bi­len ho­wa­da ar­ka­ýyn he­re­ket ed­ýär­ler. He­re­ket­len­di­ri­ji­ler el­le­re hem-de bi­le ber­ki­di­lip, ol ra­ýat uçar­la­ry­nyň ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýär. Şeý­le eşik bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lan adam tiz­li­gi­ni sa­gat­da 80 ki­lo­met­re çen­li art­dy­ryp bil­ýär. Ýö­ne ýan­gy­jyň muk­da­ry di­ňe 4 mi­nu­ta ýet­ýär. Şu­nuň ýa­ly gid­roe­şik go­laý­da Nýu-Ýork­da 440 müň dol­la­ra sa­tyl­dy.