Hä­zir­ki wagt­da dur­mu­şy ma­şyn­syz göz öňü­ne
ge­tir­mek kyn. Ulag­lar ba­ra­da kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry dykgatyňyza ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
Il­kin­ji ulag­lar­da rul ýok­dy. Onuň ýe­ri­ne iki sa­ny ry­çag bolup, sag­da­ky­ çe­kilen­de sa­ga, çep­dä­ki­ çe­kilen­de çe­pe öw­rül­ýär­di.
Her ulag­da or­ta­ça 30 müň bö­lek şaý bol­ýar.
Elekt­ro­kar­la­ryň iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri ola­ryň ses­siz iş­le­ýän­di­gi­dir. Şol se­bäp­li py­ýa­da­la­ryň ün­sü­ni çek­mek üçin ola­ra eme­li ses çy­kar­ýan en­jam da­kyl­ýar.
Bra­zi­li­ýa­da he­re­ket ed­ýän ulag­la­ryň 90 gö­te­ri­mi­niň ýan­gy­jy­na şe­ker­çiň­rik­den al­nan ýag go­şul­ýar.
“Bent­ley”, “Bu­gat­ti”, “Lam­borg­hi­ni”, “Audi”, “Ducati” we “Porshce” ky­sym­ly ulag­lar “Volks­wa­gen” to­pa­ry­na de­giş­li.
Az san­ly ön­dü­ril­ýän kuw­wat­ly “Bu­gat­ti” ula­gy­nyň pu­lu­na 84 sa­ny or­ta­ça ada­ty aw­tou­lag, 3 sa­ny ki­çeň­räk uçar we bir sa­ny ýah­ta düş­ýär.
Nor­we­gi­ýa­da sa­tyl­ýan iki ula­gyň bi­ri gib­rid ýa-da do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär.
Aw­tou­lag sür­ýän ma­ha­ly­ňyz te­le­fon­da sms ýa­zyş­sa­ňyz he­läk­çi­li­ge uç­ra­mak äh­ti­mal­lygy­ňyz 23 es­se art­ýar.