26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda türkmen halkyny ýurdumyzda giňden bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baky bitewüliginden, berk sazlaşygyndan nyşandyr. Biz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçireris. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň döwrebap we amatly şertlerde ýaşamaklary, netijeli, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri dörederis diýip belledi.
Soňra milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ugurlary babatda hasabat berdiler.
Üstümizdäki ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýär. 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde nobatdaky mejlisi geçirildi. Çäkli we giňişleýin düzümde geçen mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar diňlenildi, birnäçe guramaçylyk we hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Bu geňeşiň nobatdaky mejlisi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.
Şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky meseleler boýunça hasabat berildi. Bu ugurda görülýän çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet we Raýat kodekslerinden, Türkmenistanyň “Ätiýaçlandyryş hakynda” Kanunyndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alyp, degişli hünär ugurly düzgünnama taýýarlanyldy. Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekdi hem-de onuň ýerine ýetirilişini degişli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini köpeltmek babatda edilen işler barada durlup geçildi. Goňşy ýurda elektrik energiýasyny mundan beýläk-de eksport etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 16-njy iýunda türkmen wekiliýeti Hyrat şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde degişli Teswirnama gol çekildi, oňa laýyklykda, elektrik energiýasynyň eksportunyň möhleti 2020-nji ýylyň dekabryna çenli uzaldylar.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) meýilnamasyna laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň gözegçiligi boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça uçuşlara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça ilkinji göni uçuşy amala aşyrýan ýolagçylaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna degişli işgärleriň, syýahatçylaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň bardygyny bellemeli. Türkmenistan bilen ICAO-nyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde uçuşlaryň howpsuzlygyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, awiasiýanyň kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça, raýat awiasiýasynyň işlerini guramaga, uçuşlara we howa gämileriniň ýaramlylygyna hem-de beýlekilere gözegçilik geçirilýär.
Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň içerki bazarlaryny gök-bakja we miwe önümleri bilen ýylyň dowamynda üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hususy önüm öndürijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawyň we oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ekerançylyk pudagynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar. Häzirki wagtda bu önümleri ýitgisiz saklap, terligi bilen ilata ýetirmek üçin ýurdumyzda hereket edýän ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlaryň umumy kuwwaty 30 müň tonna barabardyr. Goşmaça kuwwatlyklary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary umumy kuwwaty 153 müň tonna barabar bolan, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ammarlar toplumlaryny gurmak boýunça birnäçe taslamalary işläp taýýarladylar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin degişli önümçilikleri ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi barada hasabat berlip, onda möwsümiň 1-nji tapgyrynda 29510 çaganyň guramaçylykly dynç almagy guraldy. Asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanylyp, täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesi ulanylmaga tabşyrylar.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna degişli berlen hasabatlarda öňümizdäki aýda geçiriljek döwlet we halkara derejesindäki wakalar, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar we beýlekiler babatda durlup geçildi. Şeýle hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler guralar.
Mejlisiň barşynda oba hojalyk pudagynda geçirilýän işler babatda hem hasabatlar berildi. Welaýatlarda ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla ýygýan kombaýnlary netijeli işletmek hem-de bugdaý hasylyny kabul ediş bölümlerine bökdençsiz getirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine karz serişdelerini bermek hakyndaky” hem-de “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, olary ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hökümet mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, onuň gün tertibine dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilim ulgamynda — ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde, himiýa senagatynda, ýangyç-energetika toplumynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de “KAMAZ” kysymly awtoulaglary ibermek babatda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.