Paý­tag­ty­my­zyň keş­bin­de Wa­ta­ny­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy de­re­je­si, in­tel­lek­tu­al kuw­wa­ty, türk­men hal­ky­nyň baý ta­ry­hy we me­de­ni däp-des­sur­la­ry aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz işi­niň örän köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy, tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, eda­ra bi­na­la­ry­nyň, se­na­gat top­lum­la­ry­nyň, ýol-ulag we dur­muş dü­zü­mi­niň des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­ny iç­gin öw­ren­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýär.
Aş­ga­ba­dy uzak möh­let­li ös­dür­me­giň stra­te­gik ga­raý­şy­na hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan şeý­le uly üns be­ril­me­gi onuň çäk müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga, aba­dan­çy­lyk mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýo­ka­ry hil­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, adam­la­ryň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge, eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Bu ge­zek hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şä­her bo­ýun­ça no­bat­da­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, tä­ze mö­hüm des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si­niň gur­lu­şy­gy­ny göz­den ge­çir­di. Ýa­kyn wagt­da şol des­ga­lar türk­men paý­tag­ty­ny be­zäp, işe­wür, sy­ýa­sy, ma­li­ýe we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­niň mer­ke­zi hök­mün­de onuň de­re­je­si­ni has-da ber­ki­der. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň ha­ýy­şy bo­ýun­ça mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň öň­den gel­ýän işe­wür hyz­mat­da­şy bo­lan “Bu­ig Ba­ti­man In­ter­na­sio­nal” fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň şä­he­riň gü­nor­ta bö­le­gin­de bi­na ed­ýän des­ga­la­ry­ny göz­den ge­çir­di.
Tä­ze gu­rul­ýan des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi we ka­şaň myh­man­ha­na, Döw­let mün­be­ri, “Türk­men­ba­şy” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň we “Se­na­gat” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň bi­na­la­ry bar. Tas­la­ma la­ýyk­lyk­da, ola­ryň äh­li­si paý­tag­ty­my­zyň umu­my bi­na­gär­lik top­lu­my­na saz­la­şyk­ly go­şu­lar. Şol des­ga­lar bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­ran il­kin­ji des­ga­sy “Se­na­gat” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň do­lan­dy­ryş bi­na­sy­nyň gu­rul­ýan meý­dan­ça­sy bol­dy. Bu ýer­de “Bu­ig Ba­ti­man In­ter­na­sio­nal” fran­suz pot­rat­çy­sy­nyň we­ki­li Alek­seý Re­şow mil­li Li­de­ri­mi­ze iş­le­riň bar­şy, ban­kyň otag­la­ry­nyň möç­ber-me­ýil­leş­di­riş we ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ban­kyň 15 gat­ly bi­na­sy­nyň gu­rul­ma­gy­na bö­lü­nip ber­len ýer bö­le­gi­niň umu­my meý­da­ny 67 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak­dyr. Şu çäk­de gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy 16 müň 800 ine­dör­dül metr ýe­ri tut­ýar. Bi­na 76,5 metr be­ýik­li­ge gal­ýar, onuň ini bol­sa 35,5 met­re deň­dir. “Türk­men­ba­şy” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň bi­na­sy­nyň hem hut şu­nuň ýa­ly gur­lu­şy bar.
Mil­li Li­de­ri­miz des­ga bi­len ta­nyş­ly­gyn­da gur­lu­şyk iş­le­ri­niň hi­li­ne hem-de ula­nyl­ýan se­riş­de­le­re aý­ra­tyn üns ber­di. Şol se­riş­de­ler uzak döw­re ni­ýet­le­nip, berk bol­ma­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, bi­na­nyň daş ýü­zü­niň be­zeg iş­le­rin­de mil­li öwüş­gin­ler be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gu­rul­ýan Hal­ka­ra ka­bul ediş­lik­ler mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­di. Bu mer­kez Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň ka­bul ediş­lik­ler mer­ke­zi bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­na gir­ýär. Hal­ka­ra ka­bul ediş­lik­ler mer­ke­zi­niň üç gat­ly bi­na­sy­nyň gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy 22 müň 836 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr. Des­ga 66 müň 429 ine­dör­dül metr ýer­de ýer­leş­ýär. Bi­na­nyň öl­çeg­le­ri: be­ýik­li­gi­ 31,36 metre we ini 112 met­re deň­dir.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň ka­bul ediş­lik­ler mer­ke­zi­ne ba­ryp gör­di. Bu mer­kez Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi­niň beý­le­ki ta­ra­pyn­da ýer­leş­ýär. Bu des­ga­nyň gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy 24 müň 140 ine­dör­dül metr­dir.

Onuň 63 müň 991 ine­dör­dül metr tö­we­rek­dä­ki meý­da­ny aba­dan­laş­dy­ry­lar. Hal­ka­ra ka­bul ediş­lik­ler mer­ke­zi ýa­ly, ol hem üç gat­dan yba­rat bo­lup, be­ýik­li­gi 31,36 met­re hem-de ini 112 met­re deň­dir. Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len gur­lu­şyk iş­le­ri­ne ba­ha ber­di. Bu uly göw­rüm­li bi­na bäş gat­dan yba­rat bo­lup, 47 müň 464 ine­dör­dül meý­da­ny tut­ýar. Ol 93,7 müň ine­dör­dül metr ýer­de ýer­leş­ýär. Des­ga­nyň be­ýik­li­gi 38,65 met­re, ini bol­sa 190 met­re deň­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi­niň top­lu­my­nyň hem­me üç bi­na­sy umu­my bi­na­gär­lik çöz­gü­di­ne eýe bo­lup, ýe­ke-täk top­lu­my eme­le ge­tir­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hal­ka­ra kong­res­ler mer­ke­zi­ni göz­den ge­çir­me­giň bar­şyn­da paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýän tä­ze iri möç­ber­li top­lu­myň – Aş­ga­bat-si­ti­niň gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry bi­len hem ta­nyş­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Döw­let mün­be­ri­niň gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­na bar­dy. 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da do­ly taý­ýar et­mek bi­len ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bu des­ga­nyň buý­ru­jy­sy Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­dir. Bu des­ga­nyň umu­my meý­da­ny 20 müň 450 ine­dör­dül met­re ba­ra­bar­dyr. Onuň tö­we­re­gin­de 47 müň 324 ine­dör­dül metr meý­dan aba­dan­laş­dy­ry­lar. Gün­do­gar­da köşk gur­mak usu­lyn­da gu­rul­ýan Hö­kü­met mün­be­ri­niň bi­na­sy Pre­zi­dent mün­be­ri­ni hem-de 2 müň orun­lyk myh­man­lar üçin mün­be­ri özün­de jem­le­ýär. Des­ga­nyň öň ýü­zün­dä­ki bö­le­gi­niň be­ýik­li­gi 30 met­re deň­dir, mun­dan baş­ga-da, onuň iň ýo­kar­ky ga­ty­nyň be­ýik­li­gi 2,55 met­re ba­ra­bar­dyr. Mün­be­riň ini 160 metr­dir, şeý­le hem bu ýer­de di­ku­çar meý­dan­ça­sy göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz şä­her hä­ki­mi­ne hem-de “Bu­ig Ba­ti­man In­ter­na­sio­nal” fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ne döw­let mün­be­ri­ni be­ze­mek ba­bat­da gör­kez­me­le­ri ber­di. Mün­be­riň ýa­nyn­da giň ge­rim­li da­ba­ra­lar, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar ge­çi­ri­ler. Mun­dan baş­ga-da, bu ýer­de myh­man­lar üçin hem iň oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di. Umu­man, bi­na edil­ýän des­ga­la­ry göz­den ge­çir­me­giň ne­ti­je­le­ri­ni jem­läp, mil­li Li­de­ri­miz ola­ryň äh­li­si­niň Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­nyň hem-de gül­läp ös­me­gi­niň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­me­li­di­gi­ni, şo­ňa gö­rä-de, ola­ryň gur­lu­şyk­la­ry­nyň bar­şy­na berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Ýa­şyl zo­lak­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir, mu­nuň özi ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na, şä­he­riň eko­lo­gi­ýa­sy­na oňyn tä­sir eder, adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy, my­na­syp dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri üp­jün eder. Şeý­le hem şä­he­riň aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­me­gi, bu ýol­la­ryň aw­tou­lag sü­rü­ji­le­ri we py­ýa­da­lar üçin amat­ly­ly­gy, şä­her hem-de te­bi­gy gur­şa­wy­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ýa­ly ugur­la­ry hem göz öňün­de tut­mak ge­rek di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di.
Şä­her­gur­lu­şyk Aş­ga­ba­dy ös­dür­me­giň baş ug­ry bol­mak bi­len, köp ba­bat­da şä­he­riň yk­dy­sa­dy ugur­la­ry­ny hem, ma­ýa go­ýum we işe­wür­lik ýag­da­ýy­ny hem kes­git­le­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň stra­te­gik we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek­de goş­ýan go­şan­dy, hal­ka­ra sy­ýa­sy, işe­wür, me­de­ni, sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­dä­ki eýe­le­ýän or­ny we äh­mi­ýe­ti art­ýar. Bu ýer­de, Türk­me­nis­ta­nyň baş şä­he­rin­de yk­bal çö­zü­ji çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär hem-de jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy äh­mi­ýet­li mö­hüm wa­ka­lar bo­lup geç­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, kuw­wat­ly ösüş­le­riň we öz­gert­me­le­riň dep­gi­ni pe­sel­me­ýär, her gün­ki yh­las­ly zäh­met gow­şa­ma­ýar, bu­lar tu­tuş ýur­du­my­zy joş­gun­ly zäh­met çek­mä­ge atar­ýar.