Dü­ýe­gu­şuň duş­ma­ny­ny gö­re­nin­de kel­le­si­ni gu­ma sok­ýan­dy­gy ba­ra­da eşi­den­si­ňiz. Mu­ny mult­film­ler­de hem gö­ren bol­ma­gy­ňyz müm­kin. Is­len­dik jan­dar özün­den güýç­li duş­ma­ny­ny gör­se, “Du­ran tu­tu­lar, ga­çan gu­tu­lar” ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýär. Se­bä­bi, duş­ma­nyn­dan aman syp­ma­jak­dy­gy­ny gowy bilýär. Dü­ýe­guş­ hem duş­man­la­ryn­dan gaç­ýar ýa-da go­ran­ýar. Eý­sem, dü­ýe­guş duş­ma­ny­ny gör­me­jek bo­lup kel­le­si­ni gu­ma göm­ýär – diýen gür­rüň ni­re­den ge­lip çyk­dy­ka?!
Haý­sy­dyr bir howp aba­na­n­da dü­ýe­gu­şuň kel­le­si­ni gu­ma sok­ýan­dy­gy­ aýd­ylýar. Alym­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry bu dü­şün­jä­niň ýal­ňyş­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Dü­ýe­guş­ haý­sy­dyr bir ses eşi­de­nin­de kel­le­si­ni ýe­re go­laý­laş­dy­ryp, üns bi­len diňleýärler. Bi­raz diň­şir­ge­nip, onuň nä­mä­niň se­si­di­gi­ni anyk­la­nyn­dan soň­ra gaç­ýar ýa-da go­ran­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. Şeý­le hem bu guş­lar ýu­murt­ga­la­ry­ny gu­ma gö­müp goý­ýarlar. Ma­hal-ma­hal ony çüň­ki bi­len açyp eý­läk-beý­läk agdaryp, gaý­ta­dan gö­müp goý­ýarlar. Kä­ha­lat­lar­da dy­zy­ny epip, kel­le­si­ni aýak­la­ry­nyň ara­sy­na sa­lyp hem otur­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da otu­ran dü­ýe­guş uly daş bö­le­gi­ne meň­ze­ýär we duş­man­la­ry­ny al­dawa sal­ýar.
Dü­ýe­guş­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:
Uçup bil­me­ýän dü­ýe­guş­lar iň uly guş ha­sap­lan­ýar.
Sa­gat­da 60-70 ki­lo­metr tiz­lik bi­len 30 mi­nut­lap, yl­gap bil­ýär.
Iň ga­ty yl­ga­ýan iki aýak­ly jan­dar ha­sap­lan­ýar.
Olaryň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, te­bi­gy şert­ler­de Af­ri­ka­nyň dür­li ýer­le­rin­de ýa­şa­ýarlar.
Gu­şuň bu gör­nü­şi­niň Ara­bys­tan­da ýa­şa­ýan gör­nü­şi (“Strut­hio came­lus sy­riacus”) ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da ýok bo­lup­dyr.
Olaryň jüý­je­le­ri ýu­murt­ga­dan çy­ka­nyn­da ulu­ly­gy to­wuk ýa­ly­rak bol­ýar.
Jüý­je­le­ri­niň çal reňk­li bo­ýun­la­ryn­da ga­ra çy­zyk­lar bo­lup, ot­la­ryň ara­syn­da ge­zen­le­rin­de ola­ry saý­gar­mak aň­sat bol­ma­ýar.
Adat­ça ot­lar bi­len iý­mit­len­ýän dü­ýe­guş­lar daş, de­mir, aý­na bö­lek­le­ri­ni hem iý­ýär­ler.
Dü­ýe­gu­şuň bo­ýy 2,5 met­re, ag­ra­my 120 ki­log­ra­ma ýet­ýär.
Olar, esa­san, to­par bo­lup ýa­şa­ýar­lar.
Beý­le­ki guş­lar­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da dü­ýe­gu­şuň iki bar­ma­gy bol­ýar.
Olaryň ha­myn­dan ke­mer, sum­ka, gap­jyk ýa­ly zat­lar ön­dü­ril­ýär.
Dü­ýe­gu­şuň kel­le­si­ni gu­ma göm­ýän­di­gi ba­ra­da­ky dü­şün­je has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bar.
Alym­lar 80 ýyl­lap 200 müň dü­ýe­gu­şy ýa­kyn­dan syn­lap, ola­ryň kel­le­si­ni gu­ma gö­men­le­ri­ni gör­män­dir­ler.
Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki haý­wa­nat bag­la­ry­nyň hem iň ha­lan­ýan jan­dar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dü­ýe­guş­la­ry ýu­murt­ga­syn­dan hem-de etin­den peý­da­lan­mak üçin fer­ma­lar­da hem sak­la­ýar­lar.