Bang­kok­da ge­çi­ri­len Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (ASEAN) 34-nji sam­mi­tin­de 16 res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Sam­mi­tiň do­wa­myn­da ASEAN-a ag­za ýurt­la­ryň Li­der­le­ri se­bi­tiň yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­me­giň hem-de onuň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Bu gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň li­der­le­ri “Dür­li-dür­lü­lik, dö­re­di­ji­lik we dur­nuk­ly­lyk” di­ýen şygar bilen bir­nä­çe çä­re­le­ri ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, 2019-njy ýy­ly “ASEAN-yň me­de­ni­ýet ýy­ly” di­ýip at­lan­dyr­mak ha­kyn­da ka­rar ka­bul et­di­ler.
Gol çe­ki­len res­mi­na­ma­la­ryň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş ug­run­da hyz­mat­daş­lyk, Hin­di-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­de ASEAN-yň müm­kin­çi­lik­le­ri, ASEAN se­bi­tin­de deň­ze taş­lan­ýan ga­lyn­dy­lar bi­len gö­reş bo­ýun­ça Bang­kok jar­na­ma­sy, ASEAN-yň me­de­ni­ýet ýy­ly­ny ge­çi­mek bo­ýun­ça çä­re­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy (ASEAN) Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ýer­leş­ýän 10 ýur­duň se­bit­le­ýin döw­le­ta­ra sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gu­ra­ma­sy­dyr. Ol 1967-nji ýy­lyň 8-nji aw­gus­tyn­da dö­re­dil­ýär. Bu gu­ra­ma­nyň dü­zü­mi­ne In­do­ne­zi­ýa, Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur, Tai­land, Fi­lip­pin­ler, Bru­neý-Da­rus­sa­lam, Wýet­nam, La­os, Mýan­ma, Kam­bo­ja ýa­ly döw­let­ler gir­ýär. ASEAN-a ag­za ýurt­la­ryň ila­ty 500 mil­li­on ada­ma deň bo­lup, je­mi mil­li gir­de­ji­si ABŞ-nyň 737 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. ASEAN-yň iň ýo­ka­ry eda­ra­sy döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň sam­mi­ti bo­lup, ýyl­da iki sa­par ge­çi­ril­ýär.
Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Hin­dis­tan, Awst­ra­li­ýa we Tä­ze Ze­lan­di­ýa ASEAN-yň köp ugur­ly se­bit yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ry bo­lup dur­ýar­lar. Köp ugur­ly se­bit yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­ki­len ha­la­tyn­da, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň deň ýa­ry­na go­la­ýy­ny eýe­le­jek ägirt uly er­kin söw­da zo­la­gy peý­da bo­lar.