Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 28 ýur­du­nyň Li­der­le­ri­niň Brýus­sel­de ge­çi­ren no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň da­laş­gär­le­ri­niň sa­na­wy ba­ra­da yla­la­şyk ga­zanyldy. Bu ba­ra­da üç gü­ne çe­ken dart­gyn­ly gep­le­şik­ler­den soň­ra 2-nji iýul­da Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Do­nald Tusk mä­lim et­di.
Ne­ti­je­de, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň go­ran­mak mi­nist­ri Ur­su­la fon der Laýen Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni eýe­lär. Ol Žan-Klod Ýun­ke­riň ýe­ri­ne ge­ler. 60 ýaş­ly Ur­su­la fon der La­ýen al­ty ýyl bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň go­ran­mak mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär. Ol An­ge­la Mer­ke­liň ýa­kyn egin­deş­le­ri­niň bi­ri bo­lup, köp­ler ony kans­le­riň we­zi­pe­si­niň da­laş­gä­ri ha­sap­la­ýar­dy­lar. Ol fran­suz di­li­ni su­wa­ra bil­ýär we Fran­si­ýa­nyň sy­ýa­sy to­par­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ta­nal­ýar.
Bel­gi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şarl Mi­şel Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ne bel­le­ner. 44 ýaş­ly li­be­ral sy­ýa­sy me­se­le­le­riň us­sa­dy ha­sap­lan­ýar. Şarl Mi­şe­liň ka­ka­sy Lui Mi­şel Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry­nyň we­zi­pe­si­n­de iş­läp­di.
Da­şa­ry iş­ler we howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty bo­ýunça bi­le­le­şi­giň ýo­ka­ry baş­lyk­ly­gy­na bol­sa, is­pan syýasatçysy Žo­zep Bor­rel yla­la­şyl­dy. 72 ýaş­ly ka­ta­lo­ni­ýa­ly so­sia­list mun­dan ozal, Is­pa­ni­ýa­nyň bir­nä­çe ýol­baş­çy we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di. Ol 2004-2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň başlygy bo­lup iş­le­di. Ge­çen ýyl ol uzak ara­kes­me­den soň­ra Is­pa­ni­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni eýe­läp, so­sia­list Ped­ro San­çe­siň hö­kü­me­ti­ne – sy­ýa­sa­ta do­lan­dy. Ol Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy ut­gaş­dy­ry­jy­sy, umu­my da­şa­ry we howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty­na ýol­baş­çy­lyk eder. Hä­zir bu we­zi­pä­ni Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni alyp bar­ýar.
Ýew­ro­pa­nyň mer­ke­zi ban­ky­nyň ýol­baş­çy­ly­gy­na Kris­tin La­gar­dyň da­laş­gär­li­gi tas­syk­la­nyp, ol eý­ýäm Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den çe­kil­di. Onuň hä­zir­ki baş­ly­gy Ma­rio Dra­gi­dir. 63 ýaş­ly Kris­tin La­gard Fran­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni eýe­län il­kin­ji ze­nan­dyr, soň­ra ol Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­na ýol­baş­çy­lyk et­di.
Ita­li­ýa­ly Da­wid-Ma­ri­ýa Sas­so­li bol­sa, Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň tä­ze baş­ly­gy bol­dy. So­si­al-de­mok­rat­la­ryň par­ti­ýa­sy­nyň bu da­laş­gä­ri­ne 751 we­kil­den 345-si ses ber­di. Sas­so­li 63 ýaş­ly flo­ren­si­ýa­ly žur­na­list. Ol 2009-njy ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň we­ki­li­dir. Dawid Sassoli Ýewropa Parlamentiniň ozalky başlygy Antonio Taýaniniň ýerine geldi.